SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ UNESCO BILEN HYZMATDAŞLYGY TÄZE MAZMUN BILEN BAÝLAŞDYRYLÝAR
2021-nji ýylyň 11-12-nji fewralynda UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär kätibi Çynar Rüstemowamyň UNESCO-nyň Tähran şäherindäki edarasynyň ýolbaşçysy Swetan Swetkowski we UNESCO-nyň Almaty şäherindäki Sebitleýin merkeziniň direktory Krista Pikkat bilen onlaýn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bildirdiler. Özara hereketler bilen bagly häzirki meselelere...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝURDUŇ DIPLOMATIK GULLUGYNA BEREN TABŞYRYKLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINE DEGIŞLILIKDE TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MEJLIS GEÇIRILDI
Şu gün, 2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn mejlisi geçirildi. Mejlise şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-d...
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz g...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Kiprden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we awtobenzini satyn aldylar. Şweýsariýanyň we Owganystanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny, Beýik Britaniýanyň işewürler toparynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döw...
Türkmenistanyň DIM-de «Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2021-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň «Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyň hem-de saklamagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda owgan halky...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMANY SEBITI BOÝUNÇA YKDYSADY WE DURMUŞ MESELELERI BOÝUNÇA KOMISSIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELDILÝÄR
2021-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha b...
BAE-NE SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BIRNÄÇE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolýar. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti BAE-niň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiň (IRENA) wekilleri bilen işjeň duşuşyklary geçirdi. 2-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň oru...