SOŇKY HABARLAR
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILEN DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINE SOWGATLAR GOWŞURYLDY
2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Daşary işler ministrliginiň edarar binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Baky Bitarap Türkmenistan – meniň Watanym» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen dabara Türkmeni...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarda we bilelikdäki işde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahsu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DIPLOMATIK DÜZÜMINIŇ DUAÝÝENI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandaky diplomatik düzüminiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda döwlet baştutany A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistandaky diplomatik düzümini ýetip gelýän Tä...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şotlandiýanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri degişlilikde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gonkongyň we Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýan...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” KITABYNYŇ FRANSUZ DILINDÄKI NUSGASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň fransuz dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, şeýle-de ylmy işgärler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA ELEKTRIK ENEGIÝANYŇ EKSPORT MÖÇBERINI ARTDYRMAGY DOWAM EDÝÄR
“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek baradaky de...
“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň dördünji sany çapdan çykdy. Žurnal Türkmenistanyň Prezidentiniň 30-njy oktýabrda Seul şäherinde geçirilen Demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara forumyna gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesi bilen açylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy işjeňigi” bölüminde döwlet Baştutanymyzyň beýlek...