SOŇKY HABARLAR
AZIÝANYŇ ÖSÜŞ BANKYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYKDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 17-nji dekabrda Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň wekiliýetleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Aziýanyň ösüş bankynyň köpsanly wekiliýetine Werner Lipak, Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory baştutanlyk etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň, şol sanda energe...
TÜRKMENISTAN WE ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ileri tutul...
«TÜRKMENISTAN – ABŞ» IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda onlaýn görnüşinde «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Jonatan Henik, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Westport Trading Ltd.», «Caterpil...
TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ YNSANPERWERLIK UGRY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 16-njy dekabrda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dowam etdirilýär. Hususan-da, mejlise gatnaşyjylar ynsanperwerlik temasyny ara alyp maslhatlaşdylar. Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen adam hukulary meseleleri boýunça işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar hem-de bu ugurdaky açyk gepleşikleri goldaýar. Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň milli we medeni aýratynly...
TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇY KOMITETIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, 30-dan gowrak ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň işine BMG-niň Türkm...
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmaly kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady we Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny hem-de doganlyk türkmen halkyna aba...
TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER BAŞLANDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda üç günlük syýasy geňeşmeler göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly başlandy. Gün tertibi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan, hususan-da howpsuzlyk meselelerinden, söwda-ykdysady gatnaşyklaryndan we ynsanperwer hyzmatdaşlygyndan ybarat. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow türkmen-amerikan gatnaşyklaryny suratlandyrdy hem-de...