SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň awtomobil sportunyň ökde sürüjileri kesgitlenildi
Şu günler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, “Volkicar-drift”, toparlaýyn “Volkicar” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Häzirki wagtda Diýarymyzda awtomobil sportuny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelenildi we giňeldildi, Onuň üsti täze, ýokary tizlikli awtomobiller bilen yzygiderli ýetiri...
Taryh, ýörelgeler, usullar: sergi hekaýatynyň sahypalaryndan
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleriň çäklerinde Sergi merkezinde geçen hepdede guralan sergi paýtagtymyzyň medeni durmuşynda täsirli wakalaryň biri boldy. Türkmen halkynyň açyklygy, däp-dessurlary barada Mary žiwopis mekdebiniň ýaş wekili Baýram Nuryýewiň we onuň işleriniň gahrymanlarynyň adyndan çeper tilsimler arkaly gürrüň berilýär. «Düýe ýaryşy», «Gelnaljy» we «Täze durmuş» atly simwolizm usulynda çekilen suratlar allegoriýasy we ýordumynyň dok reňklerde be...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasynaBirleşen Arap Emirliklerinden,Şweýsariýadan, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Panamadan we Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny satyn aldylar. Türkiýe Respublikasyndan gelen täjirler bolsa“Türkm...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Soňky ýyllaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ýapon gatna...
Ýaşajyk nakgaşlaryň baýramçylyga bagyşlanan işleriniň sergisi
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň umumybilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylary öz eserlerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlapdyrlar. Daşoguz welaýat Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň eýwanynda çagalaryň zehininden dörän işler görkezilýär. Çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi M. Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebi bilen bilelikde gurady. Tematiki sergide žiwopis, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungat...
DIM-DE HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ HEM-DE HALKARA TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ ALYP BARÝAN IŞLERINE BAGYŞLANAN HALKARA BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi. Brifinge ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýä...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Ram Nath Kowinde tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň ugry boýunça hem işjeň hy...