RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Awg

MINISTRLER DEREJESINDÄKI GEPLEŞIKLERIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky işjeň häsiýete eýe bolan gepleşikleriň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň baştutanlarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge bolan ygrarlylyklaryny nygtap geçdiler. Taraplar ikitaraplaýyn gü...

DOWAMY
pic
25 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AWSTRIÝANYŇ ILÇISI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Nur-Soltan ş.) Gerhard Saýller bilen  telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Ministr türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy ugrundaky netijeli işi we ähmiýetli goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk sözlerini beýan etdi....

DOWAMY
pic
24 Awg

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI BIRNÄÇE HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULMAK BOÝUNÇA KARARLARY KABUL ETDI

2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, onuň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de birnäçe ähmiýetli halkara-hukuk...

DOWAMY
pic
23 Awg

Bank ulgamynda innowasiýalar: uzak aralykdan tölegleri geçirmek

Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan “Halkbank terminal” atly uzak aralykdan tölegleri geçirmegiň täze ykjam goşundysyny işe girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat hödürlenildi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda bank ulagmyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, häzirki wagtda bu çäreler hil taýdan täze gör...

DOWAMY
pic
22 Awg

Täze okuw ýylyna taýýarlyk tamamlanyp barýar

Okuwçylaryň tomusky dynç alşy, şonuň bilen birlikde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri-de tamamlanyp barýar. Ýurdumyzyň okuw edaralarynyň ählisinde abatlaýyş işleri geçirildi, olar zerur esbaplar we enjamlar bilen üpjün edildi, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary kämilleşdirildi. 12 ýyllyk umumy orta bilim Konsepsiýasyna, bilimi sanly ulgama geçirmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek ulgamyna laýyklykda, mekdeplerde okuw işine täzelikler giriziler. Multilingwistik taýýarlyk, sanl...

DOWAMY
pic
22 Awg

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumyny satyn aldylar. Russiýadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük...

DOWAMY
pic
21 Awg

MERKEZI AZIÝANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ HÜNÄRMENLERI WE HALKARA BILERMENLER ÇAGALARYŇ HEM-DE ÝETGINJEKLERIŇ SAGLYK ÝAGDAÝYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahaty geçirdi. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň...

DOWAMY