SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE RUMYNIÝANYŇ PARLAMENTARIÝLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Parlamentara dostluk toparynyň parlamentariýleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Rumyniýanyň Parlamentiniň deputatlar Palatasynyň Daşary syýasat boýunça komitetiniň Başlygynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň wekiliçiliginde türkmen-rumyn we rumyn-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň Başlyklary, şeýle-de iki ýurduň deputatlary wekiliýetleriň düzümine girizildi. Tar...
TÜRKMENISTANDA GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝANY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MILLI STRATEGIÝANY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA ILKINJI DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de duşu...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary sebit we halkara gün tertibi, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda diplomatlar ýokary derejedäki...
TÜRKMEN-TÜRK GEPLEŞIKLERINIŇ DOWAMYNDA ULAG ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministri A.Karaismailoglu ýolba...
METBUGAT-RELIZI
Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň dowam etmegi we halkara bileleşigi tarapyndan bu global ähmiýetli wehime garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylar barada habar berýär. Dünýäde COVID-19 ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap Türkmenistanda bu ýokanjyň ýurduň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ulgamlaýyn esasda işler guraldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Hö...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NIŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Lamberto Zanýer bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda bilelikdäki işleriň ynsanperwerlik jähtlerine aýratyn üns bermek arkaly Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň ÝHHG-niň meýdançasynyň çäkleri bile...
TÜRKMENISTANYŇ WE BAHREÝNIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al Zayani bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeleri geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Bahreýniň DIM-niň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özarahereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy dogrusynda pikirleri al...