SOŇKY HABARLAR
MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEK TÜRKMENISTAN BILEN EÝRANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNYŇ ARASYNDA
8-nji aprelde Aşgabatda geçirilen türkmen-eýran Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriniň barşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga jikme-jik seredildi. Taraplar global pandemiýa bilen bagly girizilen çäklendirmeler gowşanyndan soň, ýüzbe-ýüz görnüşde bilelikdäki medeni çäreleri guramak boýunça gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, wekiliýetler akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, şeýle-de bu sene myna...
TÜRKMEN-EÝRAN DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ GEŇEŞMELERINIŇ BARŞYNDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Agzalan ugur boýunça özara hereketleriň uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, taraplar ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary gurnamak b...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
Aşgabada iki günlük sapar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygyndaky eýran hökümet wekiliýeti geldi. Şu gün, 8-nji aprelde Eýranyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrlikleriň arasynda geňeşmeler geçirildi. Ministr Muhammad Jawad Zarif sapary guramagyň ýokary derejesi üçin türkmen tarapyna — Daşary işler ministri...
TÜRKMEN-ÝAPON SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ BARŞYNDA MÖHÜM MESELELERIŇ BIRNÄÇESI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, ýapon tarapyna — Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býurosynyň Baş direktorynyň orunbasary, Ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň salamynydyr Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwla...
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi
Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sene ýurdumyzda täze mana eýe bolup, sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamy birleşdirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe b...
AŞGABADA HAJ WE DIN IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY OWGAN WEKILIÝETI GELDI
Şu gün, 6-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Haliminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Ministr Mohammed Kasim Halimi ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli köpsanly taslamalarda öz b...