SOŇKY HABARLAR
Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Jon Wilýam Giring bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy berkitmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýr...
Tbiliside Ýewropa we GDA sebiti üçin töleg boýunça okuw maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 10–11-nji martynda Tbiliside Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) Halkara býurosy tarapyndan gurnalan BPB-niň Ýewropa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlary üçin tölegler boýunça okuw seminary geçirildi. Çäräniň açylyş dabarasynda Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Aragatnaşyk, maglumat we häzirki zaman tehnologiýalary bölüminiň müdiri E.Kubusidze, BPB-niň Tbilisidäki sebitleýin edarasynyň wekili K.Aleksidze we beýlekiler çykyş etdiler. Maslah...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Peter wan Rooý bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ähmiýeti nygtaldy. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, şeýle-de Halka...
«Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ikinji okuw maslahatynyň çäklerinde «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guralan bu çärä daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, halkara düzümle...
Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy martynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary, kiçi komitetiň başlygy Gurbanmyrat Myradalyýewiň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary, hytaý tarapyndan kiçi komitetiň başlygy Gao Çženiň başlyklyk etmeginde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky h...
Церемония открытия второго Регионального тренинга для молодых дипломатов и государственных служащих стран Центральной Азии
9 марта 2026 года в Институте международных отношений Министерства иностранных дел Туркменистана состоялась церемония открытия второго регионального тренинга для молодых дипломатов и государственных служащих стран Центральной Азии. Мероприятие организовано Правительством Туркменистана при поддержке Офиса Постоянного координатора ООН, а также посольств Итальянской Республики, Королевства Великобритании и Северной Ирландии в Туркменистане. В церемонии приняли участие руководство и представител...
Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady
2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary yrakly diplomaty mähirli garşy alyp, Yrak tarapynyň Aşgabat şäherinde Yrak Respublikasynyň Ilçihanasyny açmak baradaky karary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Tür...