RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýerine ýetiriji toparynyň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahaty geçirildi. Bu maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary wekilçilik etdi. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ýer ýüzünde ýüze çykan adamzat ýokanjynyň täze görnüşiniň – COVID-19 koronawirusynyň  dünýä ýetir...

DOWAMY
pic
10 Iýun

TÜRKMEN TARAPY YHÖG-NYŇ SEBITLEÝIN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) Merkezi Aziýa ýurtlarynda hususy pudagyň dikeldilmegine ýardam bermeklige bagyşlanan sebitleýin duşuşyk geçirildi.   Ministrler derejesinde geçirilen onlaýn duşuşyga YHÖG-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Başlangyjyna gatnaşyjy ýedi ýurduň çökgünlige garşy çäreleriň işlenilip düzülmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna jogapkär döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň wekilleri, halkara bilermenl...

DOWAMY
pic
10 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ PUDAKLAÝYN EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY ONLAÝN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň söwda, maliýe we daşary ykdysady aragatnaşyklar, nebitgaz ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşygyň işine Türkmen...

DOWAMY
pic
9 Iýun

PARLAMENT AGZALARY ÜÇIN COVID-19 KESELINE JOGAP HEREKETLERINE WE DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA BAGYŞLANAN GLOBAL ONLAÝN-MEJLIS GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly parlament agzalary üçin COVID-19 keseline jogap hereketlerine we Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan global onlaýn-mejlis geçirildi.    Çäre Parlamentara Bileleşigi, BMG-niň Durnukly ösüş çözgütleri boýunça ulgamy hem-de Global maksatlara ýetmek boýunça parlamentariýler tarapyndan guraldy. Bu onlaýn-mejlisiň işine dünýäniň ähli sebitleriniň döwletleriniň parlament agzalary hem-de jemgyýetçilik saglygy, ykdysadyýet we beýleki...

DOWAMY
pic
9 Iýun

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ PARLAMENTARIÝLERINIŇ ÝHHG-NIŇ PA-NYŇ BAŞLYGY BILEN ONLAÝN MASLAHATLAŞMALAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy G.Tsereteli bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaşmalary geçirildi. Onlaýn-sessiýada türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wekilçilik etdi. Mejlisde sebit meseleleri boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentariýleri ÝHHG-niň PA-sy bilen maksadalaýyk özarahereketleriň dowam...

DOWAMY
pic
9 Iýun

TÜRKMEN-EÝRAN SERHEDINDIŇ ÇÄGINDE TÄZE AWTOMOBIL KÖPRÜSINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen-eýran serhedindiň çägindäki «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy we dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu ajaýyp çäre mynasybetli günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilleriniň wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenista...

DOWAMY
pic
6 Iýun

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 76-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystanyň we Beliziň telekeçileri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen, polipropilen we EKO-93 kysyml...

DOWAMY