SOŇKY HABARLAR
«ENI» ITALÝAN KOMPANIÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝA SEBITI BOÝUNÇA ÝERINE ÝETIRIJI WISE-PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşykda taraplar «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi baradaky meseleleri, geçirilýän işleriň netijelerini we «COVID-19» bilen bagly wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen aç...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI DABARALAR GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped” binasynyň açylyş dabarasy hem-de köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Geçirilen dabaraly çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurt habar beriş...
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe bagyşlap welosipedli ýöriş geçirdi
2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda Tbilisi şäheriniň Olimpiýa sport merkezinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň ýardam bermeginde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlap welosipedli ýöriş geçirdi. Bu welosipedli ýörişe Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, türgenler we tälimçiler gatnaşdylar. Welosipedli ýörişi ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri giňden ýaýbaňlandyrdylar. Welosipedli ýörişiň başynda Türkmenistanyň...
RF-NIŇ TATARSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Senagat we söwda ministri A.Karimow bilen duşuşygy geçirildi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşykda türkmen wekiliýetine şonuň ýaly-da «Türkmenhimiýa» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmendeňizderýaýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň ýolbaşçylary, Türkm...
ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ ŞERTNAMASYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAK BOÝUNÇA TOPARYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň mejlisi geçirildi. Köptaraplaýyn gepleşiklere Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Awstriýanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Ispaniýanyň, Gazagystanyň, Kipriň, Litwanyň, Lýuksemburgyň, Polşanyň, Portugaliýanyň, Slowakiýanyň, Turkiýäniň, Finlýandiýanyň, Fransiýan...
ÝURDUŇ KHBS-NIŇ NEŞIR ÖNÜMLERINIŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA MASLAHATLAŞMALARYNYŇ WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda ikigünlük Türkmenistanyň KHBS-niň neşir önümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça maslahatlaşmalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly tanyşdyrylyş dabarasy öz işine başlady. Tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan “KHBS ulgamynda reformalary durmuşa geçirmekde ýardam bermek hem-de KHBS barada kanunçylygy kämilleşdirmek” atly taslamanyň çäklerinde guraldy. Çärä ÝHHG-nyň ýolbaşçylary...
AZIÝA-ÝUWAŞ UMMAN FORUMYNYŇ ÝURTLARYNYŇ MILLI ADAM HUKUGYNY GORAÝJY EDARALARYNYŇ HÜNÄRMENLERI BILEN ADAM HUKUKLARY MESELELERI BOÝUNÇA DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Aziýa-Ýuwaş umman Forumynyň ýurtlarynyň adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň hünärmenleri bilen duşuşygy geçirildi. Wideokonferensiýa görnüşinde gurnalan sessiýa BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa, BMG ÖM-nyň ýurdumyzdaky hemişelik wekiliniň işlerini ýerine ýetirji N.Natswişwili, B...