SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ, ÖZBEGISTANYŇ WE EÝRANYŇ DEMIRÝOLÇULARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji maýynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demirýol administrasiýalarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Узбекистон темир йуллари” Paýdarlar jemgyýetiniň hem-de RAI “Railways of Islamic Republic of Iran” guramasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda demirýol we awto ýol ýükleriniň üç ýurduň döwle...
TÜRKMENISTANYŇ WE KANADANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON GEPLEŞIGI
2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kanadanyň Daşary işler ministri Fransua-Filipp Şampan bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki ýagdaýlar we onuň ýaýramagyna garşy göreş çäreleri barada pikir alyşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen utgaşykly hereketleri amala aşyrmaga özara derejede taýýardyklary barada nygtaldy. Şeýle hem p...
TÜRKMENISTANYŇ WE ITALIÝANYŇ DAŞARY-SYÝASУ EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Italýan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Manlio Di Stefano bilen wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikleri geçirildi. Daşary-syýasy edaralaryň ýolbaşçylary COVID-19 täze koronawirusynyň ýaýramagy bilen bagly häzirki ýagdaýlara we onuň garşy çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bar bolan tejribäni we mümkinçilikleri işjeň herek...
TÜRKMENISTAN ESKATO-NYŇ DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY FORUMYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Bangkokda Durnukly ösüş boýunça ýedinji Aziýa-Ýuwaş ummany forumy wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) howandarlygy astynda guralan bu forum guramanyň agza-döweletleriniň we beýleki gatnaşyjy ýurtlaryň resmi wekilleriniň, bilermenleriň hem-de hünärmenleriniň ähmiýetli sanyny özünde jemledi. Forumda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysad...
TÜRKMENISTANYŇ WE ŞWEÝSARIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn-geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew baştutanlyk etdi. Şweýsar wekiliýetine Ilçi, Şweýsariýanyň Daşary işler Federal Departamentiniň Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlary, Ýewropa Geňeşi we ÝHHG boýunça müdirliginiň baştutany Anna Iwkowis Horner ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine syýasy gatnaşyklar ugrunda ikitaraplaýyn...
BSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITI BOÝUNÇA EDARASYNYŇ WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ONLAÝN-MASLAHATY
2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleri geçirildi. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary we ministrligiň beýleki wekilleri, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň wekili gatnaşdy. Işjeň ýagda...
GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINE AGZA ÝURTLARYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrleriniň täze koronawirus ýokanjynyň meseleleri boýunça onlaýn duşuşygy geçirildi. Geçirilen çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiligi üçin uly wehime öwrülen koronawirus ýokanjyna garşy umumy güýçleriň utgaşdyrylmagy ýaly häzir...