img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Dek

TÜRKMENISTANYŇ UNESCO BILEN HYZMATDAŞLYGY TÄZE MAZMUN BILEN BAÝLAŞDYRYLÝAR

2021-nji ýylyň 11-12-nji fewralynda UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär kätibi Çynar Rüstemowamyň UNESCO-nyň Tähran şäherindäki edarasynyň ýolbaşçysy Swetan Swetkowski we UNESCO-nyň Almaty şäherindäki Sebitleýin merkeziniň direktory Krista Pikkat bilen onlaýn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bildirdiler.  Özara hereketler bilen bagly häzirki meselelere...

DOWAMY
pic
2 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy EYR-nyň Ilçisine Eýranyň görnükli alymynyň, Eýranyň Goranmak ministrliginiň Gözleg we innowasiýa guramasynyň ýolbaşçysy Mohsen Fahrizadeniň janyna kast edilmegi netijesinde aradan çykmagy bil...

DOWAMY
pic
2 Dek

TÜRKMENISTAN EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY ARKALY HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄR

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi öz işine başlady. Bu sergi ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň görnetin subutnamasy bolup, onda Türkmenistyanyň 37 sany ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazanan belent sepgitleri şöhlelendirilýändir.  Şu gün, serginiň ikinji gününde Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň gazananlary...

DOWAMY
pic
1 Dek

Maslahatda bioköpdürliligi saklap galmaga üns berildi

Türkmensitanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginde (TOHweDGGM) RSPB-iň (Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak Şalyk jemgyýetiniň) wekilleriniň we daşky gurşawy goramak ulgamynda milli bilermenleriň sanly aragatnaşyk arkaly birinji duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine RSPB-iň Türkmenistan boýunça menejeri Stefani Uard, şalyk jemgyýetiň mümkinçiligini berkitmek we taslamalaryny dolandyrmak boýunça menejeri Mark Deý, Norwegiýanyň tebigaty öwrenmek institutynyň (NINA) ylmy işgäri, Tebi...

DOWAMY
pic
1 Dek

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň habar beriş serişdelerinde

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan makala Gruziýanyň «Многонациональная Грузия» gazediniň 2020-nji ýylyň dekabr aýyndaky nobatdaky sanynda çapdan çykdy. Mundan başga-da, şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp Gruziýanyň birnäçe habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Gruziýanyň «Свободная Грузия», «Newsday Georgia» we «Geoecohub» habarlar agentlikleriniň elektron...

DOWAMY
pic
1 Dek

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady.  12-nji dekabra – Halkara bitaraplyk gününe çenli dowam etjek sergi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanar. Serginiň işiniň birinji güni söwda ulgamynyň we daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlandy. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, deputa...

DOWAMY
pic
30 Noý

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri esasy ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar boldy. Çykyş edenler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ikitaraplaýyn maksat edinilýändigini tassyklap, iki dostlukly goňşy ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň derejesinde hyznatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň türkmen-özbek...

DOWAMY