SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan – Hindistan: köpçülikleýin maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Hindistanyň iri Asian News International (ANI) habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak hakynda Ähtnama gol çekildi. Wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen gepleşikleriň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň maglumatlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy hem-de ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyn...
Umarowlaryň döredijilik maşgalasy – filosofiýa, maýyl edijilik, özboluşlylyk
Çagalar köplenç ata-enesiniň kärini saýlaýarlar, nakgaşlaryň arasynda-da şunuň ýalylar az däl. Şonda-da Umarowlaryň maşgalasy – saýry gelýär, belki, ol ýokary derejeli döredjilikde zähmet çekmek – bularyň maşgala ýörelgesi bolany üçin şeýledir. Žiwopisçi Rahman bilen keramikaçy Dilber Daşkentde duşuşdylar. Olaryň ikisem Daşkendiň A. Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutyny tamamlap barýardylar. Olaryň hersi bir fakultetde okasalaram, ussahanalarda ýygy-ýygydan duşuşardylar, ol ýerde u...
Ýurdumyzda Hasyl toýy giňden tutuldy
Şu gün tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Ol daýhanlaryň gaýratly zähmetiniň netijelerine, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla ählihalk buýsanjynyň özboluşly nyşanydyr. Aşgabadyň atçylyk sport toplumy paýtagtymyzdaky dabaralaryň merkezine öwrüldi, onuň baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançasynda oba hojalygynyň öňdebaryjylaryny hormatlamak dabarasy boldy. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, pudaklaýyn dolandyr...
Oba hojalyk önümlerini öndürmäge telekeçileriň mynasyp goşandy
Ýurdumyzyň telekeçileri ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) maglumatlaryna görä, ýurdumyzda azyk önümleriniň aglaba bölegini hususy fermer hojalyklary we telekeçilik düzümleri öndürýärler. 2020-nji ýylda hususy pudakda 30 müň tonna golaý pomidor ýygnaldy, munuň özi geçen ýyldakydan dört esse köpdür. Fermerleriň atyzlaryndan kartoşkadan rekord hasyl alyndy – 37 müň tonna golaý bu azyklyk önüm we 13 müň ton...
Ýyllyk tabşyryk amal edildi!
Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şaly taýýarlamak tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Olar 8100 gektar meýdandan 35 müň tonnadan«merjen däne» gowrak ýygnadylar. Sebitde esasy şaly ýetişdirýän we ony gaýtadan işleýän S. Türkmenbaşy etrabynyň ýörüteleşdilen «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň şalyçylary ilkinjiler bolup üstünlik gazandylar, bu ekin hojalykda 3350 gektar meýdana ekildi. Entek atyzlarda şaly ýetik, sebitiň ýörüteleşdirilen hojalyklarynda ýygymyň depgini peselmeýär. Ozalkylary ýaly...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksyny, awiakerosinini, dizel ýangyjyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen R...
2020-NJI ÝYLDA TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI 25 MILLION AGAÇ NAHALLARY EKILER
2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ähli ýerinde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler. Bu san ýurduň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny şöhlelendirýändir. Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi. Oňa şeýle-de ýurduň Hökümetiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de köp...