SOŇKY HABARLAR
ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, şeýle-de Merkezi bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda ÝTÖB bilen giň gerimli ugurlar boýunça, şol...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” ATLY KITABYNYŇ HYTAÝ DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň hytaý dilinde çapdan çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlar...
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisi: müdimi hakyda
Paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde uruşlaryň ählisiniň jeň meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýyldaky elhenç Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň hatyrasy tutulýan Hatyra gününe gabatlalyp sergi guraldy. Weýrançylykly Aşgabat ýer titremesinden bäri 72 ýyl geçdi. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gije paýtagtymyz we onuň etegindäki obalar az salymda elhenç belanyň pidasy boldy. Şol döwür şäherde çig kerpiçden gurlan bir gat jaýlar kändi, olaryň harabalary çagal...
Döwlet muzeýinde Hatyra gününe gabatlanan sergi açyldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat ýet titremesiniň 72 ýyllygyna bagşlanan sergi açyldy. Tematiki sergi birnäçe bölümden yabarat. Ol uruşdan öňki Aşgabadyň durmuşynyň çeper hekaýatyndan başlanýar. Şol fotosuratlarda edara we ýaşaýyş jaýlary, goýras saýaly köçejikler, gadymy binalar, seýilgähler... görkezilýär. Pajygaly wakany görkezýän fotosuratlar bu ýere gelenlere güýçli täsir edýär... Özboluşly suratlar 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gije bolan elh...
DIM-DE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda iki ýu...
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA GURAMALARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken Kararyna aýratyn ähmiýet çekildi, resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “2015-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF...
TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Kärdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanper...