SOŇKY HABARLAR
BOSNIÝA WE GERSEGOWINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin Aşgabada gelen, Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Samir Weladjiç bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny bellediler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak bilen, ýurtlaryň...
TBILISIDE HALKARA ULAG ÜSTAŞYR GEÇELGELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN TOPARYNYŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tbilisi şäherinde Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça türkmen-gruzin toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk edýär. Wekilýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky ulag üstaşyr geçelgeleriniň möçberini artdyrmaklyk barada pikir alyşdy...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ILKINJI GEZEK BÜTINDÜNÝÄ HARBY OÝUNLARYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde VII tomusky Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň sport wekiliýeti gatnaşdy. Bütindünýä harby oýunlar – dünýäde Olimpiadadan soňky iň iri sport çäresidir. Şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli dowam etjek häzirki oýunlara dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan on müňden gowrak türgen we tälimçi, şeýle-de tehniki işgärleriň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen...
HYTAÝDA HHR - MERKEZI AZIÝA HYZMATDAŞLYGYNYŇ VII FORUMY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 18-19-njy oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde Hytaý - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçirildi. Çäre hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hyzmatdaşlyk boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hytaý komiteti, Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň daşary işler boýunça kanselýariýasy we bu etrabyň Halk hökümeti tarapyndan guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystan...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, türkiýeli işewürler toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russ...
TÜRKMENISTANDA ÝHHG TARAPYNDAN GURALAN HUKUK GORAÝJY EDARALARYŇ IŞGÄRLERINIŇ ETIKASY WE ÖZLERINI ALYP BARMAKLARYNYŇ KODEKSI BOÝUNÇA LEKSIÝALAR GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-19-njy oktýabry aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň etikasy we özlerini alyp barmaklarynyň kodeksi boýunça leksiýalary gurady. Leksiýalar toplumy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynda, Döwlet Serhet gullugynyň Serhet institutynda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Bäş sany ýokary okuw mekdeplerinden 250-den gowrak talyplar leksiýalary diňlediler. Leksiýalar topl...
BUENOS-AÝRESDE TÜRKMEN-ARGENTIN GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Buenos-Aýres şäherinde Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Argentina Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Gustawo Rudolfo Zlauwinen ýolbaşçylyk etdi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-argentin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdil...