RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Okt

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikler

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Maka Boçorişwiliniň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowam...

DOWAMY
pic
21 Okt

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yrak Respublikasyna sapary

2025-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Yrak Respublikasynyň Bagdad şäherinde saparda boldy. Saparyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, yrak tarapyna – Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum ýolbaşçylyk etdiler....

DOWAMY
pic
20 Okt

Türkmenistan we Botswana Respublikasy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda  Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýanatyň gol çekişlik dabarasy geçirildi. Dabaranyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Botswana Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Çarlz Masoleniň arasynda gepleşikler geçi...

DOWAMY
pic
20 Okt

Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasynda T...

DOWAMY
pic
20 Okt

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Owganystana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Abdul Gani Baradar türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Owganyst...

DOWAMY
pic
20 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti sebitara baglanyşygy pugtalandyrmak boýunça ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Lýuksemburgda ÝB-niň Daşary işler boýunça geňeşiniň mejlisinden soň geçirilen ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy. Forumyň işine Ýewropa Bileleşigine agza döwletler, şeýle hem Merkezi Aziýa hem-de Gündogar hyzmatdaşlygy ýurtlary (Ermenistan, Azerbaýjan, Moldowa Respublikasy, Ukraina) we Türkiýe gatnaşdy. Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howps...

DOWAMY
pic
20 Okt

Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Sugiononyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki we geljekde mümkinçilikleri bar bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň we Indoneziýanyň arasynda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki köpýyllyk we n...

DOWAMY