SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝB-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Şu gün,7-nji iýulda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda kabul edilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine degişli bolan meseleleriň giň toplumy boýunça pikirler alyşyldy...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Panamadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Ka...
Mejlisde we Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirildi
Şu gün Mejlisde ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym Federika Mogerini bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde myhman Türkmenistanyň ýokary kanunçykaryjy edarasynyň esasy wezipeleri, düzümi we işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda kanun çykarmagyň dünýä tejribesini, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen mäkäm kanunçylyk-hukuk binýady döredildi, olar...
Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetiniň döredilmegi baradaky resminama gol çekildi
2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti hanym Federika Mogerininiň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn syýasy gepleşikler, ykdysady we sebitleýin integrasiýa, şeýle hem me...
Lýuksemburgda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Lýuksemburgda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 28-nji her ýylky mejlisi öz işine başlady. Çäräniň birinji gününiň barşynda gün tertibi we 3 (harby-syýasy, ykdysady we ynsanperwer) komitet boýunça kabul edilmäge meýilleşdirilýän rezolýusiýalaryň hatary tassyklanyldy. 5-nji iýulda ykdysady meseleler boýunça ikinji komitetde “Durnukly ösüş üçin ylym, tehnika we innowasiýalar ugurlarynda strategiki maglumat beriş” atly Belarus Respublikasynyň beren rezolýusiýasynyň...
Aşgabatda türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi
2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi. Polşa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Marçin Prjidaç ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzy...
Türkmenistanyň DIM-de rus wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus toparynyň çäginde döredilen Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin gelen Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-rus to...