RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Apr

Türkmen-ispan hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Madrid şäherinde Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ispan tarapyna Ispaniýa Patyşalygynyň DIM-niň halkara gatnaşyklar we ählumumy meseleler boýunça Döwlet sekretary Diego Martines Belio ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ileri tutulýan...

DOWAMY
pic
25 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy. Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew garşylady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başly...

DOWAMY
pic
24 Apr

Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen kiberhowpsuzlyk boýunça duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler  ministrlikleriniň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşyşyga gatnaşan hünärmenler iki ýurduň arasynda kiberhowpsuzlyk we sanly ulgam ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň barşynda katar tarapy ýurtda geçirilýän halkara çärelere hem-de terjribe okuwlaryna türkmen wekilleriniň gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini...

DOWAMY
pic
24 Apr

Tbiliside Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragy otagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly tegelek stol geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy gurady. Tegelek stola Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy, Türkmen-gruz...

DOWAMY
pic
24 Apr

Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen forum iri halkara energetika kompaniýalarynyň wekillerini, bilermenleri, nebitgaz, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maliýe düzümlerini, halkara guramalary hem-de ylmy merkezleri birleşdirýän...

DOWAMY
pic
24 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyтyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary

2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy. Döwlet baýdaklary bilen bezelen Çolpon-Ata şäheriniň Yssyk-köl Halkara howa menzilinde haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülüpdirler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar. Soňra Türkm...

DOWAMY
pic
24 Apr

Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi, öz gezeginde, h...

DOWAMY