SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýany kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen tutuş dünýäde abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. H...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BGG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Bütindünýä Gümruk Guramasynyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy, Guramanyň Baş sekretaryny ýetip gelýän Halkara gümruk gullugynyň güni bilen, şeýle hem, onuň 2009-njy ýyldan bäri işleýän Baş sekretar wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen BGG-nyň arasyndak...
GERMANIÝANYŇ GANNOWER ŞÄHERINDE «DOMOTEX 2019» HALKARA SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ HALY ÖNÜMLERINIŇ GÖRKEZILIŞI
2019-njy ýylyň 11-14-nji ýanwary aralygynda GFR-niň Gannower şäherinde haly önümleriniň we pol örtükleriniň 31-nji ýöriteleşdirilen halkara «DOMOTEX-2019» sergisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Tutuş dünýäde mälim bolan we Ýewropada irileriň arasynda ýer alan «DOMOTEX-2019» sergisiniň guramaçysy «Deutsche Messe АG» sergi-ýarmarka kompaniýasy bolup, bu sergi 1989-njy ýyldan bäri her ýylda geçirilýär we dünýäde halylaryň, parketleriň hem-...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan gelen telekeçiler poliropilen we polietilen satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Maltanyň, Owganystanyň işewürleri tehniki kükürdi («Türkmenhimiýa» DK) satyn aldylar. Şeýle hem awtoulag, portlandsement, reňksiz list aýna, buýan köküniň ergini, ýorgan-düşek top...
TÜRKMEN WEKILIÝETI “MERKEZI AZIÝA – HINDISTAN” ATLY DIALOGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 12-13-nji ýanwarynda Samarkand şäherinde (Özbegistan Respublikasy) “Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki birinji duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özarabähbitli hyzm...
TÜRKMEN WEKILIÝETI WENA ŞÄHERINDÄKI «FERIEN-MESSE WIEN» ATLY SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 10–13-nji ýanwary aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde her ýylda geçirilýän «Ferien-Messe Wien» atly syýahatçylyk sergisi boldy. Bu çäre Awstriýanyň möhüm halkara forumy bolup, onda dünýä syýahatçylygynyň häzirki zaman ösüşi görkezilýär. Sergä dünýäniň 80 döwletinden 850 töweregi syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Bu sergä Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň pawilýonynda ýurdumyzyň dürli e...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 9–10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji halkara maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen brifing geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň...