SOŇKY HABARLAR
NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ULAGYŇ ÖSÜŞI BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamentiniň (UN DESA), BMG-niň iň pes ösen ýurtlar, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar we kiçi ada ösüp gelýän ýurtlar boýunça Ýokary wekiliniň Müdiriýetiniň (UN OHRLLS), Bütindünýä Bankynyň (WBG) we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň (ICTD) ýardam bermeklerinde “2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin ulagyň we ykj...
AŞGABATDA HDHHG-YŇ UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ 23-NJI SESSIÝASY GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň we Daşary işler ministrliginiň gurnamagy esasynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň gözegçiligi boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň (HDGHGUK) 23-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri, BMG-niň Ýewropa üçin daşky...
AŞGABATDA HORWATIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Aşgabatda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we olaryň çäginde dostlukly döwletiň maddy däl medeni mirasyna bagyşlanan fotosergisiniň resmi açylyş dabarasy boldy. Medeniýet günleriniň we fotoserginiň resmi açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi we oňa ýurduň döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylar Türkme...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADAKY BÜTINDÜNÝÄ MAÝA GOÝUM FORUMY-2018-E (BMF-2018) GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 22-26-njy oktýabry aralygynda düzüminde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň gurnamagynda geçirilen Bütindünýä maýa goýum forumynyň (BMF-2018) işine gatnaşdylar. Her iki ýyldan geçirilýän Bütindünýa maýa goýum forumy maýa goýum we ösüş üçin tutuş dünýäniň öňdebaryjy platformasy bolup durýar. “Durnukly ösüşe maýa goýmak” diýip atlandyrylan forumyň işiniň birinji gü...
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nguen Fu Çongy Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz Nguen Fu Çonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat hem-de ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine bu jogapkärli döwlet wezipesinde üstünlik gazanmagy arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini milli baýramçylyk bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli baýram –Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana hem-de türk halkyna ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar diýip, milli...
Fransuz we türkmen sazandalary aşgabatlylara söýgüsini saz bilen beýan etdiler
Maksim Zekini bilen Dawid Bismut geçen ýyl konsert tamamlanandan soň aşgabatlylara ýene bir ýyldan gelmäge wada beripdiler, olar sözünde-de tapyldylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda fransuz we türkmen aýdymçy - sazandalarynyň gatnaşmagynda “Baky söýgi” atly konsert boldy. Bu Maksimiň Türkmenistana üçünji, Dawidiň bolsa ikinji saparydy. Biz okyjylarymyza bu sazandalaryň döredijilligi barada ozalam gürrüň beripdik, şonda-da ikisiniňem Pariž milli konserwatoriýasynyň u...