SOŇKY HABARLAR
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! Halkara ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylda jemgyýetimizi jebisleşdirýän hem-de ösüşe ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar gününe...
ZAGREBDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HORWAT HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Zagreb şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Toparyň işine degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi. Taraplar 2015-nji ýylyň 4-5-nji fewralynda Aşgabat şäherinde geçirilen türkmen-h...
ZAMBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Zambiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Şadrek Ç. Luwita bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapynyň wekiline ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşryp, Ilçi Luwita ikitaraplaýyn gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarmakda ähli tagallalary etjekdigine taýýarlygyny bildirdi. Öndürijilikli we netijeli...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ýokary ynsanperwerligi, agzybirligi hem-de ylalaşyklylygy alamatlandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem Gadyr gijesini egsilmez joşgun, iň gowy umyt-arzuwlar bilen mynasyp garşy a...
AŞGABATDA DINE UÝMAK AZATLYGY MESELELERI BOÝUNÇA TEGELEK STOLY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda dine uýmak azatlygy meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi. Gepleşikleriň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Müftiliginiň, şeýle hem dürli dini guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary giriş sözi bilen çyky...
TÜRKMENISTAN WE GWINEÝA-BISAU IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Gwineýa-Bisaunyň Saud Arabystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mamadu Sano bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy berkitmeklik ugrundaky, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mundan beýläk hem halkara guramalaryň çäklerinde özara g...
KOLUMBIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak maksady türkmen paýtagtyna gelen Kolumbiýanyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Alfonso Lopes Kabalýero bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen-kolumbiýa gatnaşyklaryny ösdürmek işinde jogapkärçilikli wezipesine bellenilmegi bilen Ilçini gutlap, türkmen tarapy Kolumbiýa bilen gatnaşyklary berkitmekde we geljekde ösdürmekde ýurduň aýratyn ünsüni be...