Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary

2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanda Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy saýlawlara taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işler alyp bardy. Türkmenistanyň ilçihanasynda açylan 1-nji saýlaw uçastogy 2023-nji ýylyň 16-njy martynda öz işene başlady.

Saýlawçylar ses bermek mümkinçiliklerden hoşal boldular we ýurduň syýasy durmuşynda möhüm waka bolup durýan bu çärä, daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryň saýlawlara gatnaşmaklaryna ähli şertleri döredendigi üçin, Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.