img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Iýun

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Içeri işler ministri S.Tamazaşwili bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda Ilçi söhbetdeşini Içeri işler ministri wezipesine bellenilmegi bilen gutlady we geljekki işlerinde üstünlikler arzuw etdi. Gepleşigiň dowamynda taraplar jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk tertibini berkitmek, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini kämilleşdirmek ulgamyndak...

DOWAMY
pic
19 Iýun

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy

2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze sepgitlere çykarylýar. Iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem netijeli häsiýete eýedir. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halka...

DOWAMY
pic
19 Iýun

Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de kreatiw industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy

2026-njy ýylyň 17-19-njy iýunynda Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de kreatiw industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy. Çärä Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Belarusuň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiň Diwanynyň Ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliý...

DOWAMY
pic
18 Iýun

Aşgabatda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Slowakiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak hem-de Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Wiktor Boreski bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bir gün öň Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça t...

DOWAMY
pic
18 Iýun

DIM-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar yzygiderli maslahatlaryň we duşuşyklaryň amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de täze bilelikdäki başla...

DOWAMY
pic
18 Iýun

BMG-niň Baş Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatynyň orny baradaky Kararnamasy Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 82/262 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasy Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň websaýtynda habar berilýär.    Kararnamanyň BMG-niň ähli resmi dillerinde çap edilmegi Baş Assambleýanyň resminamany kabul etmeginde...

DOWAMY
pic
18 Iýun

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 17-nji  iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi. Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda toparyň ýolbaşçylarynyň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Onda Aşgabatda meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň Türkmenistanyň hem-de Slowakiýa Respublikasynyň arasynda ykdysady...

DOWAMY