img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Iýun

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa bilen Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Tomas Şuller-Gotsburgyň we Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň direktory Elizabet Waýsenbýökiň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapy Elizabet Waýsenbýöki Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparyn...

DOWAMY
pic
11 Iýun

Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Maria Agrenden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşally...

DOWAMY
pic
10 Iýun

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky akademiki we ýaşlar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D. Seýitmammedow Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri G. Mikanadze bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň ylmy-bilim edaralarynyň arasyndaky uzak möhletleýin özara gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän...

DOWAMY
pic
10 Iýun

Adam hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Halk goragçysy (Ombudsmen) L.Ioseliani bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýete we işjeň ösüşe eýedigini bellediler. Taraplar adam hukuklary bilen baglanyşykly möhüm meselelere, şeýle hem milli adam hukuklary mehanizmlerini kämilleşdirmäge we olaryň amaly taýd...

DOWAMY
pic
10 Iýun

Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar halkara düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak maksady bilen...

DOWAMY
pic
10 Iýun

Türkmenistanyň DIM-nde Finlandiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Finlandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Helsinki ş.) täze bellenen Ilçisi Maria Agre bilen duşuşdy. Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň Türkmenistanyň hem-de Finlandiýa Respublikasynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda tar...

DOWAMY
pic
9 Iýun

Türkmenistan bilen Täjigistanyň ÝUNESKO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wafo Niyatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunç...

DOWAMY