GRUZIÝADA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 32 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden taryhy çykyşyna bagyşlanyp Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri üçin brifing geçirildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow brifingde çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ugurlarynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan uly özgerişlikler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi nygtaldy.

Parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna eýerýän Türkmenistan döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürilýändigi bellenildi.

Brifingiň dowamynda diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň belent münberinde eden maksatnamalaýyn çykyşyndaky esasy başlangyçlary we teklipleri bilen tanyşdyrdy.

Yzygiderli syýasy gepleşikleriň işjeň ösdürilmeginiň, ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň, köp ugurly medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlarynyň esasynda oňyn türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň çalt depginde ösýändigi nygtaldy.

Brifinge gatnaşyjylara ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, şeýle-de türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan wideo görkezildi.

Brifingiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, şeýle hem türkmen halkynyň medeni we sungat eserlerine bagyşlanan sergi guraldy.