Bir asyryň gazeti: taryha syýahat

...100 ýyl mundan ozal, 1920-nji ýylyň 29-njy iýulynda Aşgabatda (şol döwürler türkmen paýtagynyň ady Poltoraskdy) iň baýry «Türkmenistan» milli gazetiniň birinji sany çapdan çykdy. Ol 1929-njy ýyla çenli ýurdumyzda ulanylan arap elipbisindäki türkmen dilindäki neşir 600 nusgalykda çap edilipdi. Iki sahypaly partiýa gazetiniň esasy maksady şol döwrüň taryhy wakalary bilen baglanşyklylykda syýasy wagyz we medeni-magaryf işlerini geçirmekdi.

Gubaýdulla Husaýinow (1892-1948 ýý.) gazetiň ilkinji redaktorydy. Neşiriň žurnalistleriniň biri-de Ýakup Nasyrlydy (1899 – 1958 ýý.), soňra ol belli terjimeçi-şahyr bolup ýetişdi, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşdy. Gazetiň synag sanyny taýýarlamaga taryhçy Ahmet-Zaki Walidow gatnaşdy, edebi türkmen dili boýunça geňeşçi hökmünde Peterburg uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň uçurymy Kakajan Berdiýew çagyryldy, ol sowet hökümeti ýyllarynda kärine ussat adwokat we terjimeçidi.

1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-i döredilýänçä gazet Türküstan KP-synyň Zakaspiý welaýat komitetiniň we welaýat Rewkomynyň neşiri bolupdy. Elbetde, neşiriň bir asyrlyk taryhy döwletimiziň şanly döwürlerini beýan edipdi, olary bir makalada beýan edip bolmaýar.

1923-nji ýylda «Türkmenistan» gazetiniň tiražy eýýäm 1000-e ýetipdi. Munuň özi uly üstünlikdi! Gazettiň aglaba okyjylary şäher ilatydy. Oba ýerlerinde sowatlylar gaty azdy. Obalarda gazetiň 80 göteriminiň mugt paýlanmagy-da ýagdaýa oňyn täsir etmeýärdi. Şeýle bolsa-da, 1924-nji ýylyň ahyryna çenli hepdede üç gezek çykan gazet gündelik neşire öwrülýär, onuň tiražy 1500-e çenli artýar. 1929-njy ýylyň oktýabryndan ozal arap elipbisinde çykan gazet latyn elipbisinde çykyp başlaýar, 1941-nji ýylyň aprelinden başlap bolsa, kirill hat ýazuwynda türkmen diline geçýär.

1932-nji ýylda gazet «Şuralar Türkmenistany» ady bilen çykýar, 1936-njy ýylyň martynda şol döwür üçin möhüm -- «Sowet Türkmenistany» (kirill ýazuwynda --«Совет Туркменистаны») ady bilen çykýar. Döwrüň ideologiýasyny ýaýradyjylyk wezipesinden başga-da, gazetde medeni durmuşyň wakalary, ykdysadyýetdäki özgertmeler, obalaryň durmuşy, ylmy we bilimi ösdürmegiň meseleleri beýan edilýär.

1935-nji ýylyň awgustynda, 85 ýyl mundan ozal sowet gazetlerinň ählisinde giňişleýin beýan edilen waka --türkmen atlylarynyň otuzysynyň taryha giren Aşgabat- Moskwa atly ýörüşi geçirilýär. «Şuralar Türkmenistany» ýörüşiň gidişini jikme-jik beýan edipdi.

Ýörüşiň tamamlanan güni Türkmenistanda ählihalk baýramy diýlip yglan edilýär. Atly ýörüşe gatnaşanlary dabaraly garşylamak mynasybetli gazetiň baýramçylyk sanynda bu taryhy waka bagyşlanan tematik sahypa çykarylýar. 1988-nji ýylda Garagum çölüniň üsti bilen ýene-de Aşgabat- Moskwa atly ýörüşi geçirilýär, ony gazetiň işgäri Ö. Nepesow beýan edýär, ýörüşiň ahyrynda, oňa 1935-nji ýyldaky ýaly, aýratyn sahypa bagyşlanýar.

... Beýik Watançylyk urşy ýyllary harby goşun gazetleriniň sanynyň has giňeldilmegi, kagyz önümçilginiň ýetmezligi, maddy-tehniki serişdeleriň frontuň bähbitlerine gönükdirilmegi, neşirýat senagatynyň işçileriniň birenteginiň fronta alynmagy sebäpli onuň tiražy azaldylýar. Onuň möçberi-de kiçelýär, gazetiň habarlar strategiýasy üýtgäp, jemgyýeti jebisleşdirmek we adamlaryň watanperwerlik ruhuny galkyndyrmak, adamlarda tiz wagtda faşizmden üstün çykmaga ynam döretmek – onuň esasy wezipesi bolýar.

Gazet frontdan habarlary çap edýär, esgerleriň edermenligini we tylda galan işçi-daýhanlaryň gahrymançylykly zähmetini, faşizme garşy mitingleri beýan edýär, ildeşlerimizň mähribanlygy, uruş gidýän ýerlerden ilimize göçürip getirilip, topragymyzda ikinji watanyny tapanlaryň ykbaly barada gürrüň berýär. «Goranma fonduna» diýlen rubrika açylyp, onda pul serişdelerini we obligasiýalary, gymmatly şaý-sepleri, ýyly zatlary we dürli oba hojalyk önümlerini frontuň bähbidine tabşyrýanlar hakda makalalary çap edýär.

1945-nji ýyldan başlap, gazet ýene-de uruşdan öňki ölçeginde 4 sahypada çykyp ugraýar. 1948-nji ýylyň ýer titremesinde weýran bolan türkmen paýtagty, sowet halklarynyň doganlyk kömegi, bäşýyllyklaryň depgini, Garagum kanalynyň gurluşygy, ülkämiziň tebigy baýlyklarynyň özleşdirilişi, gymmatly inçe süýümli pagtanyň öndürilişi – bular we başga-da ençeme zatlar barada gündelik çykýan gazet gürrüň berýär.

Sebitlerde habarçylar setleri döredilýär, gazet bilen hyzmatdaşlyga syýasatşynaslar, analitikler, tanymal alymlar, döredijilik işgärleri çekilýär. Ýaş ýazyjylar we žurnalistler gazetde çykyş edip başlaýarlar. «Edebiýat sahypasy», «Ýaşlaryň döredijiligi», «Okyjylaryň hatlary» we beýleki rubrikalar girizilýär, bäsleşikler geçirilýär, «tegelek stollar» guralýar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi bilen gazete ilkinji ady gaýtarylyp berilýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti onuň esaslandyryjysy bolýar, geçen 100 ýylda çykarylan sanlary 30 müňe golaýlaýar.

Jemgiýetiň ösüşiniň islendik döwri ýokary hilli we öz wagtynda berilýän habar – esasy gymmatlyklaryň biridir. Žurnallar, gazetler, ylmy-populýar hem-de çeper edebiýat – adamzat medeniýetiň we aňynyň ýeten derejesini saklap galmagyň hem-de olary nesilden nesle geçirmegiň möhüm serişdesidir.

Gazet - ol, ozaly bilen, wajyp habary okyjylara dessin ýetirmäge çalyşýan pikirdeşler toparydyr. Indi 43 ýyldan gowrak wagt bäri «Türkmenistan» gazetiniň surat habarçysy Ýuri Iwanowiç Şkurin şeýle depginde işläp gelýär. Ol köpýyllyk akýürekli zähmeti we Garaşsyzlyk eýýamynyň möçberli gazananlaryny wagyz etmäge goşan uly goşandy üçin «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni we «Watana bolan söýgüsi üçin» medal bilen sylaglandy.

Biz Ýuriý Şkurini ýörüte gözlemeli bolmadyk, sebäbi ol köp wagtdan bäri biziň internet-gazetimiz bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär, özboluşly suratlary bilen birmeňzeş setirleri «janlandyrýar». Ýuriý Şkuriniň her bir fotoetýudy – bezegiň bir görnüşi däl-de, eýsem özbaşdak žurnalistlik eser. Biz kärine ussat suratçy barada gürrüň bermekçi.

Ýuriý Iwanowiç fotosuratlar älemine ýoluny ... «Türkmenfilm» kinostudiýasynda operatoryň kömekçisi wezipesinden başlaýar. Bu ýerde ol ilkinji gezek eline fotokamera alýar. Eger maşgala ýagdaýy bolmadyk bolsa, belki ol kino sungatynda işlärdi. Ýaş operator öýlenýär, olar ilkinji çagasyna garaşýardylar, onsoň Ýura Şkurin işiniň daşyndan «Комсомолец Туркменистана» gazetinde ştatdan daşary suratçy hökmünde gazanç etmäge höwes bilen razy bolýar.

Fotosuratça mahsus garaýşy, az bolsa-da, operator bolup işlemegi netijesinde onuň suratlary janly çykýar, olarda duýgylar görünýär we zehinli portretçiniň tilsimi duýulýar. Kän wagt geçmänem gazete işe çagyrylýar.

- Ýaş döwrüm men çepiksijedim – dýip Ýuriý Iwanowiç ýarym degişmä, ýarym çyna salyp gürrüň berýär. –kinokamerany we ştatiwi götermek agyrdy, ýeňiljek fotoapparat maňa tüýs geregidi, özümiň galjaňlygymy we gezendeligimi göz öňünde tutsaň, gazet habarçysy maňa has ýakyndy.

Gazetde işlemegi netijesinde ol özgerişler hem wakalar durmuşyna başy bilen berildi, ençeme ýylyň ýatdan çykmajak duşuşyklary, güýçli täsirleri oňa gymmatly tejribe berdi. Gulanlaryň Bathyzdan Gäwerse dikuçarly getirilişinde alan suratlarynyň täsiri henizem onuň ýadynda.

Bir gezek sil gelip, dowar sürüsi ýitýär... Ümürli we aýazly howada ony dikuçar uçarmanlary kiçeňräk adadan tapýarlar. Gazetdäki makala «Awiasiýa sürä kömege geldi» sözbaşy bilen çap edilýär, fotodokumentalçy Ýuriý Şkuriniň suratlary soňy gowulyk bilen gutaran bu dartgynly wakany beýan edýär.

Redaksiýanyň her bir tabşyrygy onuň kämilleşmegine ýardam edýär. Kompozisiýa kanunlary baradaky bilimiňi kämilleşdirmek, surat hekaýatyny gyzykly etmek, hakyky ýagdaýa çeper hyýalyň öwüşginlerini bermek – ol diňe bir zehini däl, eýsem dünýä üýtgeşik garaýşy talap edýär.

Uly nesliň okyjylary Krasnowodskiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynyň durkunyň täzelenşinden (ýurdumyzyň ÝET-nyň häzirki öňdebaryjy kärhanasy – Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy) we Hywa-Şatlyk gaz geçirijisiniň gurluşygyndan depginli, açyşlara ýugrulan fotorepotažlary gowy bilýändirler.

Paýtagtymyzdaky umumy bilim berýän 50-nji orta mekdebiň taslamasynda ýütgeşik konstruksiýaly gümmez göz öňünde tutulandy. Ýuri Şkuriniň dikuçaryň kömegi bilen iki tonnalyk konstruksiýanyň oturdylýan pursadyny görkezýän pursatlary öz döwrinde haýran edipdi.

... Tirkegli ilkinji maşyn burawlaýjylaryňka ugrapdy, diş lukmanlary bilen birlikde Ýuriý Şkurin hem taryh üçin iş ýerinde lukmançylyk kömegini alýan ilkinji türkmen näsagyny surata almaga Garaguma gidipdi. Burawlaýjylar: «Biz lukmanlaryňka gidemzok-da, lukmanlar üstümize gelýärler» - diýip degişýärdiler.

«Ýuriý Şkurin» ýazgyly fotosuratlar merkezi sowet gazetlerinde-de peýda bolup ugrady, özboluşly, durmuşy suratlar uly gyzyklanma döredýärdi.

1977-nji ýylda «Sowet Türkmenistany» gazetiniň baş redaktory Begenç Kerimi Ýurini öz iş otagyna çagyrdy, ol ýaş fotosuratçynyň döredijigine beletdi.

Ol dözümliräk:

-Üç aý mundan ozal men seni işe çagyrypdym. Näme uzaga çekýäň? – diýdi.

-Men türkmençe bilemok – diýip Şkurin öz ýaýdanjaňlygyny aklajak boldy, ol, elbetde, diňe dil bilmeýänliginden däl, eýsem Kerimiden, işiň wajyplygyndan -- respublikanyň esasy gazetinde işlemekden çekinýärdi.

-Seniň käriňde dil bilmek hökman däl. Saňa derek fotosuratlaryň gürlär. Ine, kagyz, bizde işlemezlige başga deliliň ýok bolsa, işe girmäge arzaňy ýaz, meniňkiniň dogrudygyny wagt görkezer... – diýdi.

Şeýdibem, 43 ýyl mundan ozal Ýuriý Iwanowiç bu ýerde fotohabarçy bolup işläp başlady. Türkmen fotografiýasynyň aksakaly şu güne çenli şol ýerde işleýär.

Häzirki döwürde «Türkmenistan» gazeti köpsanly okyjyly, köp nusgalykda çykýan, şu ýyldan başlap, KHBS-ni sanly görnüşe geçirmegiň çäklerinde ählumumy sete hem goýberilýän ýurduň iň uly döwürleýin neşiri. Gazete Kakamyrat Rejebow ýolbaşçylyk edýär. Redaksiýada wakalary beýan etmäge höwesek ýaş žurnalistler işleýärler. Olaryň her biri hem öz makalalaryny ötgür we kreatiw suratçynyň, çeper obrazlar diline ökde we düşüren pursadyny çeper resminama, käte bolsa çeper hyýala öwürýän ussadyň suratlarynyň bezärini isleýär...