Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe bagyşlap köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirdi

2021-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň ýardam bermeginde Bütindünýä welosiped gününe, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna, şeýle hem 2021-nji ýyly - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp welosipedli ýöriş geçirdi.

Bu welosipedli ýörişe Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, türgenler we tälimçiler gatnaşdylar. Welosipedli ýörişi ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri giňden ýaýbaňlandyrdylar.

Welosipedli ýörişiň başynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi öz çykyşynda ähli ýurtlarda giňden bellenilýän Bütidünýä welosiped güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu parahatçylyk we raýdaşlyk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly wajyp gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýan halkara baýram. Ol parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ilçi, şeýle hem Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýändigini, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmäge, olaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga gönükdirilen giň gerimli işler geçirilýändigini belledi. Welosiped sportyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär we köpçülikleýin welosipedli ýörişi diňe Türkmenistanda  däl-de eýsem bütin dünýäde geçirmek asylly däbe öwrüldi. Welosipedli ýöriş dürli durmuş, sport we ekologiýa taslamalaryny hem-de pikirlerini goldamakda dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň bir meşhur görnüşleriniň biridir. 

Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar bu sport çäräsi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge, şeýle hem sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmaga gönükdirlen ýene-de bir ädim bolup durýandygyny bellediler.