Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahamud Adam Beşirden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Çad Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi milli parlamentiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri, şol sanda Afrika sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat Bitarap Türkmenistanda Çad Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.