Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Marokkonyň wekiliýetine Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça ministrliginiň Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdiri Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň halkara we sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi, bu bolsa taraplaryň öňe sürýän başlangyçlarynyň özara goldanylmagy arkaly tassyklanýar.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy hem-de syýahatçylyk pudaklary kesgitlenildi.
Şu nukdaýnazardan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topary döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu prosesi ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda işewür toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyklary guramagyň maksadalaýyklygy bellenildi.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi boýunça hem pikir alyşyldy.
Taraplar hereket edýän şertnama-hukuk binýadynyň ähmiýetini nygtamak bilen, daşary syýasy hyzmatdaşlyk, ulag, bilim, ylym hem-de beýleki ugurlar boýunça täze ikitaraplaýyn resminamalary işläp taýýarlamak üçin dialogy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.