img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GRUZIÝA - TBILISI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabat bilen Tbilisiniň arasyndaky ylmy köpri: türkmen gündogarşynaslary Gruziýa bilen hyzmatdaşlygy giňeldýärler

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary bilen Gündogary öwreniş institutynyň direktory G.Sanikidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Saparyň esasy maksady gündogarşynas alymlaryň arasynda göni gepleşikleri ýola goýmakdan, gadymy golýazmalary bilelikde öwrenmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan we akademiki tejribe paýlaşmagy berkitmekden ybarat boldy. Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitlerini birikdirýän edebiýat hem-de taryhy ýadygärlikleri öwrenilmegine aýratyn üns berildi.

Institutyň direktory myhmanlary okuw jaýynyň işiniň esasy ugurlary, şeýle hem durmuşa geçirilýän ylym we bilim taslamalary bilen tanyşdyrdy. Institutyň gündogarşynaslyk barlaglaryny ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alyp barýan esasy işleri bellenilip geçildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurduň taryhy we medeni mirasyny öwrenmegiň hem-de bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny, maslahatlary, amaly okuwlary gurnalmagynyň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar gepleşikleri dowam etdirmäge we ylym-bilim ulgamyndaky aragatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.