Gruzin talyplary Türkmenistanda geçirilen halkara bäsleşigine gatnaşdylar
2026-njy ýylyň 11-13-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik geçirildi.
Bu döredijilik bäsleşige dokuz ýurduň – Gruziýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň 13-sinden 40-dan gowrak gatnaşyjy bellige alyndy. Şeýle hem oňa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden seçilip alnan zehinli ýaşlaryň 117-si gatnaşdylar. Şular ýaly giň-gerimli häzirki döwrüň möhüm meselelerine bagyşlanan bäsleşigiň temasynyň ýokary derejede wajypdygyna şaýatlyk edýär.
Halkara bäsleşige gatnaşyjylar häzirki döwürde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalara möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar.
Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary we hukuk fakultetiniň talyplary bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Laşa Meshi 1-nji orny, Nika Nadaraia bolsa 3-nji orny eýelediler.
Halkara çäresiniň gatnaşyjylary medeni maksatnamanyň çäklerinde gyzykly we öwrediji gezelençleri amala aşyrmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar, intellektual bäsleşigiň guramaçylyk derejesine hem ýokary baha berdiler we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň netijeli çözgütlerini tapmakda bu bäsleşigiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.