«Ter Önum» HJ-nyň gawun çipsileri: telekeçiligiň diwersifikasiýasy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Ter Önum» Hojalyk jemgyýeti gawun çipsilerini çykarýan önümçilik enjamyny işe girizmäge taýýarlanýar.
Bu pikir üç ýyla golaý wagt mundan ozal döredi we durmuşa geçýänçä ençeme tapgyrly ýol geçmeli boldy.
Bu Hojalyk jemgyýeti paýtagtymyzy azyklyk otlar, gök önümler we miweler bilen üpjün edýän ýurtda iň iri marketing kärhanasydyr, ol şeýle hem ýurdumyzyň gök-miwe önümlerini we miwe kişdelrini eksporta ibermekde öňdäki orunlary eýeleýär.
Möwsümleýin isleglere, bazar konýunkturasyna we alyjylaryň talaplaryna çalt seslenilmegi, taýýarlaýyş-saklamak-ýereşdirmek zynjyrynyň netijeli hereket etmegine hem-de çykdajylar-möçber-girdeji oňyn gatnaşyklarynyň saklanylmagyna mümkinçilik berýär.
«Ter Önum»HJ – dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän ugurdaş halkara gözden geçirişlerine yzygiderli gatnaşýar. Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçirilen möwsümleýin oba hojalyk önümlerini eksport edijileriň Halkara sergisiniň altyn medaly «Ter Önum»HK-nyň aýratyn buýsanjydyr. Kompaniýanyň pawilýony hemişe gök-miwe önümlerine, kakadylan miwelere, türkmen bakja önümlerine, şol sanda gawunyň dürli görnüşlerine baý bolýar.
Kompaniýany döredijileriň biri Döwletgeldi Ballyýewiň aýtmagyna görä, türkmen gawuny ýokumly we derman maddalara baý datly miwedir, ol halkara sergilerine hemişe isleglidir.
Möwsümleýin häsiýetli «bakjalaryň melekesini» terligine ibermekden başga-da, telekeçiler gawun kakyny hem daşary ýurtlara eksport etmegi göz öňünde tutýardylar.
Ony taýýarlamagyň ýerli düzgünleriniň Ýewropa ölçeglerine laýyk gelmýänligi sebäpli ony aljaklar gawun kakyny almagyň usulyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe teklip aýtdylar.
Bu ugurda uly işler geçirildi, gawunyň süýjüligi pes görnüşleri synag edildi. Netijede gollandiýaly kärdeşleriniň kömegi bilen biziň hünärmenlerimiziň synag ýoly bilen alan kädi bilen çaknyşdyrylan sorty saýlanylyp alyndy. Soňra bu önüme mahsus ýelmeşegenligini aýyrmak üçin kakatmagyň dürli usullary synaldy.
Ylmy barlaglary we köp serişde talap eden toplumlaýyn işiň dowamynda oba hojalyk ekinlerini eksport etmekde başga-da üýtgeşik pikirler ýüze çykdy. Olaryň biri-de – ýeňiljek, hytyrdaýan we ulanmaga amatly çipsileri öndürmekdi. Önümçilik tehnologiýasyny özleşdirmek bilen birlikde onuň maddy binýady-da kemala geldi. Türkiýeden ugurdaş enjam satyn alnyp, önümçilik bölümi işe girizilmäge taýýarlanyldy.
Ýakyn geljege meýilnamalaryň arasynda çipsi önümçilginden galýan çigitden gawun süýdüni almak meýilleşdirilýär. Gawun süýdi – sagdyn iýmiti halaýanlaryň arasynda ýörgünli önümdir, ol şeýle hem smuzileriň we kokteýlleriň esasy önümi hökmünde hem ulanylýar. Türkmen gawunynyň süýdi garyndysyz we reňleýjisiz arassa önüm bolar. HJ şeýle hem Ýewropa ýurtlaryna ugratmak üçin kiçi miweli gawun sortlaryny ýetişdirer.
Kompaniýa ýerli oba hojalyk önümlerini Russiýa, Gazagystana, Türkiýä, Birleşen Arap Emirliklerine iberýär. Täze önümçiligiň işe girizilmegi bilen eksportyň çägi Germaniýa, Awstriýa, Fransiýa çenli giňär.
Witaminli önümleri satyn almak üçin daýhan hojalyklarynyň we hususy ekarançylaryň üç ýüzüsinden gowragy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Ýerleşdirmek üçin taýýarlanylan önüm Gollandiýada öndürilen enjamlar bilen üpjün edilen sowadyjyly ýörüte ammarlarda saklanylýar. Önüm arassalanylýar, göwrümine görä saýlanylýar we gaplanylybam alyja iberilýär. Olary refrižatorlaryň 11-si daşaýar. «Ter Önum» HJ-nyň Türkmenistanda ilkinji bolup, müşderiler bilen onlaýn-tabşyrygy ýola goýandygyny hem aýtmak gerek.
Önümiň hiline ýokary talap netijesinde oňa isleg hem uly, bäsdeşlik artykmaçlyklary we giňişleýin müşderiler bazasy bar. «Türkmenhowaýollary», paýtagtymyzyň myhmanhanalary, iri söwda merkezleri, restoranlary we beýlekiler - «Ter Önum» HJ-nyň hemişelik müşderileridir.
Eksporty ardyrmakdan we marketing logistikasyndan başga-da, «Ter Önum» HJ içerki bazary doldurmakda hem işjeň iş alyp barýar, şol sanda ýurdumyza geň-enaýy miweleri getirýär. Kompaniýa ýertudanasyndan hoşboý ysly we tagamly buketlere, şeýle hem ak we gara şokoladly miweli sowgatlyk toplumlaryna tabşyryklary alýar. «TUDANA» belgili gowy bezelen ýertudana toplumlary paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda alyjylaryň islegli harydyna öwrüldi. Kompaniýanyň miwe meýdanlary Änewde ýerleşýär. Häzirlikçe ýylda 65 tonna miwe taýýarlanylýar, geljekde önümçiligi giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Kompaniýanyň top-menejerleri oba hojalyk innowasiýalaryna-da uly üns berýärler, munuň üçin daşary ýurtly seçgiçiler we ekarançylar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. «Ter Önum» HJ-de Ylym güni diýlip at berlen her şenbede türkmen ekarançylary üçin mugt treningler geçirilýär. Ugurdaş hünärmenler ýyladyşhana telekeçiligini guramak, ekinleri ýetişdirmegiň agrotehnikasy, şeýle hem ekinleriň kesellerine we zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreş we ş.m. boýunça maslahat berýärler.
Mundan başga-da, kompaniýanyň işgärleri oba hojalyk ekinlerini standartlaşdyrýarlar, olaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygyna gözegçilik edýärler, hasyllylygyň ýokarlanmagyna hem-de kartoşka, pomidor we beýleki gök ekinleriň artdyrylmagyna gönükdirilen seçgiçilik hem-de tohumçylyk işlerine gatnaşýarlar.