Ýurdumyzyň demirgazygynda orta süýümli pagtanyň önümli sortlaryny almak boýunça işler alnyp barylýar

photo

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda ýerleşýän oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezinde «Gubadag» tapgyryndan orta süýümli pagta almak boýunça işler alnyp barylýar. Ýerli we daşary ýurtly nusgalarynyň ýedisini çaknyşdyrmak arkaly alnan täze sortlaryň ýedisi sebit üçin oňaýly «Daşoguz-120» sorty bilen deňeşdirilýär.

Täze sort ugurlaryna baha bermegiň esasy görkezijileri – Türkmenistanyň demirgazygynyň toprak-howa şertlerinde ýokary gögerijiligi we hasyllylygy, şeýle hem ekiniň kesellelere durnuklylygydyr. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň talaplaryna laýyklykda seçgi işlerinde onuň hiline we süýüm çykyşyna aýratyn üns berilýär.

Oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegiň Daşoguz welaýatynyň pagtaçylyk pudagyny ösdürmekde möhüm ähmiýeti bar. Şu ýyl 155 müň gektar ýere gowaça ekilip, ondan azyndan 275 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Ýerli seçgiçi alymlar oňaýly sebitleşdirilen sortlary çykarmak ugrunda toplumlaýyn iş alyp barýarlar. Orta süýümli «Daşoguz-150» täze sortunyň tapgyrlaýyn döwlet synaglary geçirilýär, ol ýurduň demirgazgynyň toprak-howa şertlerinde gowy görkezijilere eýe bolýar.