SOŇKY HABARLAR
Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady
2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan bu çärä Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, dünýäniň onlarça ýurdunyň ýokary derejeli wek...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar g...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, tü...
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ABŞ-da Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowa...
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi. Ministrler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen özara bähbitlilige hem-de dostluga esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly äh...
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Montana ştatyndan senatory, ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy Stiw Deýnsiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşl...
Gruziýada türkmen kinosynyň günleri
2024-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinolarynyň gününiň dabaraly açylyşy geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň filmleri hödürlenildi. Türkmen kinosynyň güni Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleni...