SOŇKY HABARLAR
HHR-iň DIM-iň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda amala aşyrylýan strategiki döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazany...
Bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk
2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gruziýanyň Tbilisi şäherindäki Suhumi döwlet uniwersitetiniň wekilleri hem-de bilim hünärmenleri bilen onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Maslahat bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek meselelerine bagyşlanyp, oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň dünýä ül...
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistan bilen Sebit merkeziniň bilelikdäki işleriniň dürli taraplaryna garaldy. BMG-niň Ba...
Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, täjik tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Imomi Sodik Aşurboýzada ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtald...
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Çärä Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanyn...
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Niýaz Çardakliýadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Öz gezeginde Ilçi Bosniýa we...
Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurýew Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Niýaz Çardakliýa bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardam...