RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Apr

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan kiçi futbol ýaryşy geçirdi

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna” we Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan kiçi futbol boýunça ýaryşy geçirdi. Bu ýaryşa talyplar, şeýle hem Gruziýada ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar. Ýaryş başlamazdan ozal bu ajaýyp baýramçylygy dostlugyň, parahatçylygyň we sportyň belent ýörelgelerini öz içine alýandygy bellenildi. Ol Türkmenistanyň milli senenamasynda jemgyýetiň agzybirligini we jebislig...

DOWAMY
5 Apr

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKIÝÄNIŇ PALATALAR WE BIRŽALAR BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli sözleri we gutlag haty, ş...

DOWAMY
4 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERI OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň Owganystan we Päkistan boýunça departamentiniň direktory, Owganystan boýunça ýörite wekili Endrýu MakKubriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşigi geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar owgan meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň toplumyna seredip geçdiler. Bu sebitdäki ýagdaýlar bilen bagly yn...

DOWAMY
3 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Syýasat we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk seljerişi boýunça bölümiň Direktorynyň orunbasary Fýodor Klimçuk we Bilelikde maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça Seksiýasynyň başlygynyň orunbasary Igor Kondratýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boý...

DOWAMY
31 Mar

ZYŇYNDYLARY NOL DEREJESINE GETIRMEK BOÝUNÇA BMG BA-NYŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY

2023-nji ýylyň 29-30-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň esasy maksady Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda özgerdiji gural hökmünde zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmakdan ybaratdy. 29-njy martda öz saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Baş Sekretarynyň köme...

DOWAMY
31 Mar

TÜRKMENISTANYŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY

2023-nji ýylyň 30-njy martynda Seuldaky Hankuk Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmenistanyň medeni-ylmy çäreleri dowam etdi. Bu medeni çäreleriň maksatnamasyna türkmen suratkeşleriniň çykyşlary, şeýle hem koreý dilinde “At-myrat” atly ahalteke atlaryna bagyşlanan türkmen filminiň görkezilişi boldy. Mundan başga-da, uniwersitetiň foýesynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň portretleri we kitaplary, sungat eserleri we Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary görkezilen sergi...

DOWAMY
30 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WEZIPESINI ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ý. ý. Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletde doganl...

DOWAMY