SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY GEŇEŞMELER BARADA
2023-nji ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şol sanda öň ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bir...
KOREÝA RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENI WE YLMY ÇÄRELERIŇ TOPLUMY BAŞLANDY
2023-nji ýylyň 29-31-nji mart aralygynda Koreýanyň Seul we Uejeongbu şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärelere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ýurdymyzyň degişli wekilleri, şol sanda sungat ussatlary, alymlar, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşmak üçin Koreýada saparda bolýarlar. 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Seulyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň aç...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BRIFING GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň ýokary dere...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARYNYŇ DESLAPKY JEMLERI JEMLENDI
2023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň başlygy brifing geçirip, onda düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli tamamlanadygy barada aýtdy. Çärä ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşly...
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary
2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanda Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy saýlawlara taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işler alyp bardy. Türkmenistanyň ilçihanasynda açylan 1-nji saýlaw uçastogy 2023-nji ýylyň 16-njy martynda öz işene başlady. Saýlawçylar ses bermek mümkinçiliklerden hoşal boldular we ýurduň syýasy durmuşynda möhüm waka bolup durýan bu çärä, daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryň saýlawlara g...
DAŞARY ÝURTLARDA TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, WELAÝAT, ETRAP WE ŞÄHER HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARY GEÇIRILÝÄR
Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň giň alternatiw esasynda Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär. Saýlawlara gatnaşmagyň işjeňligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyklarynda açylan 42 saýlaw uçastoklarynda-da bellendi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda daşary ýurtdaky raýatlarymyzy...