SOŇKY HABARLAR
ALMATYDA MERKEZI AZIÝANYŇ WE ÝB-NIŇ ÝÖRITE WEKILLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi. Çäräniň barşynda owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagy, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegi we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI BMG-NIŇ SENAGAT ÖSÜŞI BOÝUNÇA GURAMASYNYŇ TÄZE BELLENEN BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bu Gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meselelere, hususan-da häzirki wagtda durmuşa geçirilýän we ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalara, wodorod energiýasy ugrunda bilelikdäki çärelere üns berildi. Gerd M...
TÜRKMENISTANYŇ RESMI WEKILLERI ÝHHG-NIŇ YKDYSADY WE DAŞKY GURŞAW FORUMYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUMYZYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY BOÝUNÇA ÇYKYŞ ETDI
2022-nji ýylyň 23-24-nji maýynda Polşanyň Lodz şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň 2-nji taýýarlyk mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň wekili Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle hem energiýa howpsuzlygyň wajyplygy bellenildi....
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY YHG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 24-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlise gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Guramanyň häzirki gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça, şeýle hem 2021-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet ýolbaşçylaryn...
TÜRKMENISTAN WE EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň, öňi bilen energetika, ulag we üstaşyr ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslajatlaşdylar...
TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASY BOÝUNÇA BILELIKDÄKI UTGAŞDYRYJY TOPARYŇ MEJLISI
2022-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki utgaşdyryjy toparyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri hem-de Aşgabatdaky BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlis...
TÄHRANDA YHG-NIŇ AGZA-ÝURTLARYNYŇ WEKILLERINIŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Tähranda YHG-niň Sekretariatynda «YHG-niň netijeliligini ýokarlandyrmak we tanymallygyny artdyrmak» atly mowzuk bilen iş duşuşygy öz işine başlady. Mejlis agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirilýär. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk edýär. YHG-niň Baş sekretary Husraw Noziri tarapyndan açylan ýokary derejeli duşuşyk plenar mejlisiden we iki sany iş tapgyryndan y...