SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE FRANSIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtýarly Ilçisi Izabel Ginel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Olaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýeti bellenildi. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşl...
BSSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa şäherindäki Bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klüge bilen duşuşygy geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan duşuşyga ýokary derejeli hökümet wekiliýetleri gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda Merk...
WENADA BMG-NIŇ JENAÝATYŇ ÖŇÜNI ALMAK WE JENAÝAT KAZYÝETI KOMISSIÝASYNYŇ 31-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 16-20-nji maýy aralygynda Wenada gibrid gornüşinde BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat kazyýeti komissiýasynyň 31-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine 130 ýurduň we 55 hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Mejlisiň açylyşynda EKOSOS-yň başlygy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-Zenanlaryň Ýerine ýetiriji direktory we BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat ...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzy okgunly ösdürmäge gönükdirile...
WENADA TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÝHHG-NYŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň ÝHHG-nyň ýanyndaky wekiliýetiniň başlygy ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň başlygy hanym Margareta Sederfelt bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar guramanyň gün tertibindäki meseleler, hususan-da Owganystandaky ýagdaý we ÝHHG-ny özgertmek meselesine ünsi çekdiler. Hanym M. Sederfelt, ÝHHG-nyň PA-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belläp, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy goramagyň möhümdigini aýtdy. ÝHHG-nyň prezidenti...
Gruziýa türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni – Milli baýramçylygy bilen gutlady
2022-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisi şäher häkimligi Tbilisiniň teleýaýlym diňini Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi. Bu ýene-de bir gezek iki ýurdyň arasyndaky däp bolan dosluk we doganlyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem türkmen halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany görkezdi. Tbilisi teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen iki gün şöhlenendiriler.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de Gazagystan Respublikasynyň d...