RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” BIRINJI SAMMITINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 20-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Hyta...

DOWAMY
pic
19 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «KAZANFORUM 2023» FORUMYŇ ÇÄRELERINE GATNAŞÝAR

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Tatarstanyň paýtagtynda «KazanForum 2023» halkara ykdysady forumyň ilkinji çäreleri öz işine başlady. Forumyň çäklerinde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi barada” atly sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň geografiki ýerleşişi bilen baglylykda, daşamala...

DOWAMY
pic
19 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherine iş sapary bilen gelen HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi. HHR-iň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy HHR-e iş sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk şu ýyldaky ikinji duşuşykdyr d...

DOWAMY
pic
19 Maý

Gruziýa türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni – Milli baýramçylygy bilen gutlady

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisi şäher häkimligi Tbilisiniň teleýaýlym diňini Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi. Bu ýene-de bir gezek iki ýurdyň arasyndaky däp bolan dosluk we doganlyk gatnaşyklarynyň, şeýle hem türkmen halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň nyşanyny görkezdi. Tbilisi teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen iki gün şöhlenendiriler.

DOWAMY
pic
19 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KORNELI KEKELIDZE ADYNDAKY GRUZIÝANYŇ MILLI GOLÝAZMALAR MERKEZINDE BOLDYLAR

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen konferensiýa gatnaşmak üçin Gruziýa gelen türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekillerini Gruziýanyň Korneli Kekelidze adyndaky Milli golýazmalar merkezi bilen tanyşdyryş çäresini gurnady. Myhmanlar merkeziň arhiwinde saklanýan taryhy golýazmalar, taryhy ähmiýete...

DOWAMY
pic
17 Maý

THE UN GENERAL ASSEMBLY, AT THE INITIATIVE OF TURKMENISTAN, PROCLAIMED NOVEMBER 26 AS THE WORLD SUSTAINABLE TRANSPORT DAY

The United Nations General Assembly, led by Turkmenistan's initiative, has proclaimed November 26 as World Sustainable Transport Day. This significant proclamation stems from the inaugural Global Conference on Sustainable Transport held in Ashgabat on November 26, 2016. The resolution endorsing this day was adopted by the UN General Assembly on May 16, 2023, during the 70th plenary meeting of its 77th session. Presenting the resolution "World Day of Sustainable Transport", the Permanent Re...

DOWAMY
pic
17 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “RUSSIÝA – YSLAM DÜNÝÄSI: KAZAN FORUM2023" HALKARA YKDYSADY FORUMA GATNAŞÝAR

Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda, “Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023" atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kazana geldi. Forumyň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmekden ybarat bolup durýar. Çäräniň maksatnamasyna onlarça...

DOWAMY