SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi, öz gezeginde, h...
Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalarynyň bu ýurduň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklar...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Gruziýanyň Parlamentiniň edara binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň, türkmen-gruzin parlamentara dostluk toparynyň başlygy A.Sarjaýew bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy D.Matikaşwiliniň arasynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň häzi...
Parlamentara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalary bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şu ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň hem-de onuň dowamynda gol çekilen resminamalar topl...
Aşgabatda ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forum geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy esasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan “ÝHHG – Parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen ählumumy howpsuzlyk boýunça borçnamalaryň 50 ýyllygy” atly forum geçirildi. Çäre ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraldy. Foruma ýu...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy. Saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Gazagystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana G...
Horwatiýanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Hrwoýe Swetanowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň başynda M.Bäşimowa Horwatiýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlik arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy...