SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-nde ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory, zawodlary taslamalaşdyrmak boýunça işewürlik bölüminiň baş menejeri Kendzi Sanada bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar nebit-gaz we gaz-himiýa senagaty, ulag, oba hojalygy, elektrik energiýasy, ekologiýa ýaly ugurl...
В МИД Туркменистана состоялся круглый стол по сотрудничеству с международными организациями и реагированию на гуманитарные вызовы
28 июня 2025 года в МИД Туркменистана состоялась круглый стол, организованный совместно с Региональным представительством Международной организации по миграции по Центральной Азии и Офисом Постоянного координатора ООН в Туркменистане. В мероприятии приняли участие представители соответствующих министерств и ведомств Туркменистана, а также главы и представители специализированных структур ООН. На мероприятии было отмечено что, в свете политической ситуации в соседних регионах профильными ст...
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen t...
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlere we Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdy...
UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň UK Export Finance (UKEF) kompaniýasynyň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Şebnem Alpyň ýolbaşçylygyndaky UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda infrastruktura we eksporta gönükdirilen taslamalar bilen baglanyş...
Serhetsiz sungat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi we Şota Rustaweli adyndaky Milli teatrynyň direktory medeni hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatrynyň Direktory G.Tewzadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar sungatyň gadymy görnüşleriniň biri bolup durýan teatryň halklaryň taryhynyň we däp dessurlarynyň aýrylmaz bölegidigini, şeýle hem medeni mirasy öňe sürmekde we ony gorap saklamakda jemgyýetiň medeni durmuşynda uly mana eýedigini belläp geçdiler. Ilçi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmen...
Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzda özüniň diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine we geljekki mümkinçiliklerine baha berildi. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş meselelerini ara a...