SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN ÝHHG BILEN ENERGIÝA HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ULAG ULGAMLARYNDA HYZMATDAŞLYGY BERKITMEGI TEKLIP EDÝÄR
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda energiýa howpsuzlygynyň we durnukly ulag ulgamynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit we global ösüş nukdaýnazaryndan, energiýa serişdelerine durnukly elýeterliligiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, dünýäde energiýa serişdeleriniň iri öndürijileriniň we üpjün edijileriniň biri bolmak bilen,Türkmenistan olaryň dünýä b...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝHHG-NIŇ ARASYNDA HOWPSUZLYK UGRUNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI
2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki hereketleriň üç ölçeg esasynda durmuşa geçirilmegi boýunça işjeň pikirler alyşyldy. Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda terrorçylyga, neşe serişd...
AŞGABATDA BMG-NIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA 2021 (COP26) MASLAHATYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021 (COP26) maslahatyna tarap: Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tagallalary we öňde goýlan wezipeleri» atly tegelek stolyň başyndaky duşuşyk geçirildi . Göni we sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NYŇ YNSANPERWER MESELELERI BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 16-njy martynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ynsanperwer meseleleri boýunça komitetiniň «Zenanlaryň syýasy durmuşa gatnaşmagy» temasy boýunça onlaýn mejlis geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň demokratiýa we adam hukuklary bölüminiň başlygy Şemşat Atajanowa gatnaşdy. Ş.Atajanowa öz çykyşynda gatnaşyjylary Türkmenistanyň gender syýasaty, zenanlaryň ýurduň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni durmuşynyň ähli ugurlar...
MEJLISIŇ BAŞLYGY «PARAHATÇYLYGYŇ, YNANYŞMAGYŇ WE HOWPSUZLYGYŇ PUGTALANDYRYLMAGYNDA AÝALLARYŇ ORNY» ATLY MERKEZI AZIÝA FORUMYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Hökümeti hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guralan «Parahatçylygyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynda aýallaryň orny» atly Merkezi Aziýa forumy göni wideoaragatnaşyk arkaly ýokary derejede geçirildi. Ýokary derejede geçirilen foruma ÝHHG-niň häzirki Başlygy we Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş Sekretary Helga Şmidt, şeýle-de ýurtlaryň parlamentariýleri we halkara guramalarynyň ýok...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI 2021-NJI ÝYLYŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2021-nji ýylyň 15-nji martynda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekiliyeti 2021-nji ýylynyň - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň wekiliýeti ýakyn ýyllarda halkara jemgyýetçiliginiň aşakdaky möhüm ugurlara üns bermegiň zerurdygyny belledi - halkara hukugynyň pugtalandyrylmagy, ýaragsyzlanmak we...
TÜRKMENISTAN WE SAUD ARABYSTANY ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRÝAR
2021-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň «Somo Al Mamlakah» Saud kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdullah Al Şugairi bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň nebitgaz, himiýa senagaty we maýa goýum ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny belläp geçdiler. Şunlukda, öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady...