SOŇKY HABARLAR
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn...
Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi
Şu gün Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Beýik Britaniýanyň “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Resminama laýyklykda, TSTB-niň bu kompaniýanyň önümlerini satyn almaga, “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň bolsa önümleriň tehniki görkezijilerini emele getirmek, şeýle hem umumy neti...
TÜRKMENISTANYŇ WE HALKARA GURAMALARYŇ WEKILLERI ULAG HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 11-nji martynda halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň şeýle-de ulag ulgamynda iş alyp barýan döwlet agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň degişli agentlikleriniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdy...
TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDA TELEWIDENIÝE WE RADIO ÝAÝLYMLARY ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň (FGUP WGTRK) baş direktorynyň birinji orunbasary A.Zlatopolskiý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça maglumatlary alyşmaga hem-de özara hyzmatdaşly...
Tbiliside Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we 2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli onlaýn maslahaty geçirildi
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli onlaýn maslahaty geçirdi. Bu çärä Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, şeýle hem Gruziýanyň metbugat wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda, 2021-nji ýylyň BMG-niň Baş As...
TÜRKMENISTAN BILEN GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri hanym Naledi Pandor bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini belläp geçmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary dipl...
TÜRKMENISTAN HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN NETIJELI HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYR
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktory Gaý Raýder bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Global pandemiýanyň dünýäde durmuş-ykdysady ýagdaýlara edýän täsiri we sebit hem-de halkara derejelerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli derejedäki h...