SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNA KONSTITUSION ÜÝTGEŞMELER GIRIZILER
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kanun çykaryjy häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň işini ösdürmeklige gönükdirilen, konstitusion özgertmelere serediler. Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi hem-de onuň Halk maslahaty we Mejlis atly iki palataly Parlament dörediler. Ýokarda agzalanlara degişli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň degişli resminamalary kabul ediler.
HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ DOWAMYNDA DURMUŞ-YKDYSADY MESELELERE SEREDILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, pandemiýanyň dünýäniň ähli döwletleriniň ykdysadyýetine ýetiren täsirine garamazadan, Türkmenistanyň öz ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanandygy barada belledi. Uzak möhletleýin maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy ugurlaryna hem-de döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet býujetiniň serişdelerini...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI AŞGABATDA ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 25-nji sentýabrda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Dünýädäki epidemiologiki ýagdaý sebäpli, mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Halk Maslahatynyň mejlisiniň işine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýaşulular, ähli pudaklaryň wekilleri, Türkmenistany...
ABŞ-NYŇ HALKARA ÖSÜŞ AGENTLIGINIŇ WEKILLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Türkmenistandaky wekili N.Nadiradze bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň başynda N.Nadiradze türkmen tarapyny ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, şeýle-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de türkmen halkyna parahatçylyk we asudalyk arzuw etdi. W.Hajiýew öz gezeginde N.Nadiradzeny ABŞ-nyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDAKY ÇYKYŞYNDA EKOLOGIKI ÇÖKGÜNLIGI ÇÖZMEK ÜÇIN ÝURTLARYŇ GÜÝJÜNI BIRLEŞDIRMEKLERINI TEKLIP ETDI
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlady. Bu, şu günki günde adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan çözmesi ýeňil bolmadyk meseleleriň çögüdini tapmaklygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurtlaryň arasyndaky dialogy berkitmekde ýeketäk platforma bolup çykyş edýär. BMG-niň ştab-kwartirasynyň zalyndaky uly ekranlarda ilkijinleriň hatarynda Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI ÝUBILEÝ MEJLISINE GATNAŞYJYLARA WIDEOÝÜZLENMESI
Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa bu jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň. Jenap Tijany Muhammad-Banda BMG-niň Baş Assambleýasynyň tamamlanan 74-nji mejlisiniň başlygy hökmünde onuň alyp baran başarnykly we netijeli işleri üçin biziň tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy kabul etmegini haýyş edýärin...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA SYÝASATYNDA YNANYŞMAGY DIKELTMEGIŇ ÄHMIÝETINI NYGTADY
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlady. Hut şol gün-de hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy göni ýaýlymda goýberildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu sessiýasynyň kyn döwre gabat gelendigini belläp, Türkmen Baştutany, gynansak-da häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan, halkara hukugynyň goraglylygyna täsir edýän harby-syýasy bäsdeşlik netijesinde emele gelen ählumumy halkara ýagdaýa t...