SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DÜNÝÄ YKDYSADYÝETINI DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLUNA ÇYKARMAK ÜÇIN PLATFORMALARY DÖRETMÄGE ÇAGYRDY
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeligi BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda başlandy. Bu gün döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo çykyşlary goýberilip başlandy. Ilkinjileriň biri bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi. Türkmenistanyň Baştutany öz ýüzlenmesinde şu ýyl kyn döwri başdan geçirýän dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy barada aýdyp geçdi. Durnukly ösüş ma...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDAKY ÇYKYŞYNYŇ DOWAMYNDA SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY HEMMETARAPLAÝYN BERKITMÄGE ÇAGYRDY
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 75-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeligi başlandy. Hepdeligiň dowamynda döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo-çykyşlary görkeziler. Şu gün, ilkinjileriň hatarynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi. Döwlet baştutany öz çykyşynda halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny jikme-jik beýan etdi hem-de syýasy, durmuş-ykdysady we yns...
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ ÝB BILEN ÖZARAHEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň özarahereketleriniň giň toplumy babatynda pikir alyşdylar. Hususan-da, taraplaryň soňky aýlarda dürli meýdançalarda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edild...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň diplomatik işini tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda hytaý diplomaty Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň strategiki taýdan möhüm hyzmatdaşlar bol...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
Şu gün, 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde emele gelen dostlukly, a...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 112-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan we Özbegistandan gelen telekeçiler polietileni satyn aldylar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosini bolsa ABŞ-dan we Şweýsariýadan gelen täjirleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna takiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, jinsi matasy, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşandy hem-de berýän ünsi üçin Prezident Arif Alwä tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, biziň döwletlerimizi hem-de halklarymyzy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan baý dostluk we hyzmatdaşlyk däpleriniň baglan...