SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
2-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Döwlet Baştutanymyzyň 27-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynda hem oňat netijeler gazan...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamynyň täze desgalarynyň açylyşyna gatnaşdy
Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlar syýasatyna, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Türkmenistanda bilim ulgamynyň hilini yzygiderli...
TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASY ÜSTÜNLIKLI DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Kabul şäherinde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek dabarasy geçirildi. Ähtnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Şäher ösdüriş we ýer serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Karzaý, türkmen tarapyndan «TAPI Pipeline Company Ltd.» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» Döwl...
Ýurdumyzyň demirgazygynda orta süýümli pagtanyň önümli sortlaryny almak boýunça işler alnyp barylýar
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda ýerleşýän oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezinde «Gubadag» tapgyryndan orta süýümli pagta almak boýunça işler alnyp barylýar. Ýerli we daşary ýurtly nusgalarynyň ýedisini çaknyşdyrmak arkaly alnan täze sortlaryň ýedisi sebit üçin oňaýly «Daşoguz-120» sorty bilen deňeşdirilýär. Täze sort ugurlaryna baha bermegiň esasy görkezijileri – Türkmenistanyň demirgazygynyň toprak-howa şertlerinde ýokary gögerijiligi we hasyllylygy, şeýle hem ekiniň kesellelere durnuk...
Şekillendiriş sungaty muzeýi okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlap žiwopis eserlerini görkezdi
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan sergi garaşylmaýan ýakymly sowgatlary peşgeş berdi. 1-nji sentýabra bagyşlanan belli işlerden başga-da, muzeýiň gorunda saklanylýan adygmadyk suratlaryň goýulmagy žiwopis muşdaklaryna uly sowgat boldy. Milli žiwopis mekdebiniň ägirtleriniň biri Yzzat Gylyjowyň «Kitap bazary» atly köpleriň söýgüsini gazanan işi maşgala albomyndaky fotosuratlary ýada salýar... Aşgabadyň geçen asyryň 50-nji ýyllaryndaky Güneş nuruna dolan...
Okuw ýylynyň ilkinji güni täze mekdepler işigini giňden açdylar
Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Mekdebiň öňündäki owadan bezelen meýdançada baýramçylyk ýagdaý emele geldi. Dabara mynasybetli mekdebiň çäklerini owadan şarlar, dürli öwüşgindäki bezeg serişdeleri we baýdaklar bezedi. Aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary bu waka ajaýyp öwüşgin çaýdy. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda däp bolan toý bagy kesildi — Türkmenistanyň täze bilim syýasatynyň nyşan...
Meşhur aýdym-sazly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän bu özboluşly taslama ýaşlaryň döredijilik ukybyny açmaga, olary milletiň genji-hazynasy, baý saz medeniýeti bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radioge...