SOŇKY HABARLAR
Meşhur aýdym-sazly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän bu özboluşly taslama ýaşlaryň döredijilik ukybyny açmaga, olary milletiň genji-hazynasy, baý saz medeniýeti bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radioge...
«Ter Önum» HJ-nyň gawun çipsileri: telekeçiligiň diwersifikasiýasy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Ter Önum» Hojalyk jemgyýeti gawun çipsilerini çykarýan önümçilik enjamyny işe girizmäge taýýarlanýar. Bu pikir üç ýyla golaý wagt mundan ozal döredi we durmuşa geçýänçä ençeme tapgyrly ýol geçmeli boldy. Bu Hojalyk jemgyýeti paýtagtymyzy azyklyk otlar, gök önümler we miweler bilen üpjün edýän ýurtda iň iri marketing kärhanasydyr, ol şeýle hem ýurdumyzyň gök-miwe önümlerini we miwe kişdelrini eksporta ibermekde öňdäki orunlar...
AŞGABATDA HALKARA TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ ESASLANDYRYJY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi, oňa onlaýn görnüşinde dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlaryndan öňdebaryjy hünärmenler we itşynaslar gatnaşdylar. Mejlise jemi 200 golaý wekil gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Gün tertibine laýyklykda, mejlisiň başynda oňa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, döwletara hyzmatdaşlygyň örän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Netijeli gepleşikleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň ýolbaşçylygyna türkmen-koreý gatnaşykl...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri awiakerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-niň işewürleri şeýle hem ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de žakkard...
Ýurdumyzyň sebitlerini we oba hojalygyny ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetinde iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sebitlerine, obasenagat, maliýe-ykdysady, nebitgaz, ulag, söwda we dokma toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerler hem-de welaýatlaryň häkimleri, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda sebitlerde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda dur...
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody önümçiligi diwersifikasiýlaşdyrýar
?Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ işleriň depginini güýçlendirýär. Kärhana işi girizileni bäri 24 gämi abatlanyldy, gämileriň 7-sinde gämi duralgasynda ortaça abatlaýyş işleri geçirildi we 23 gämide ýüzüş aralygyndaky ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi. Zawod uly we kiçi gämileri dikeltmäge niýetlenendir. Bu ýerde gämileri suwa goýbermek we abatlamak hem-de ýylda 4-5 gämi gurmak üçin ulgam oturdylan, nebit tankerlerini, deňiz platformalaryny, tirkeg gämilerini, katerleri, şeýle h...