SOŇKY HABARLAR
GÖZEGÇILIK-GEÇIRIŞ NOKATLARYNYŇ IŞLERINI DOLANDYRMAKDA ULANYLÝAN LUKMANÇYLYK BAŞARNYKLARYNYŇ ÖWREDILMEGI BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ OKUW MASLAHATY
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işlerini dolandyrmakda ulanylýan lukmançylyk başarnyklarynyň öwredilmegi boýunça iki günlük onlaýn okuw maslahaty öz işine başlady. Bu seminar ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi we BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet serhet, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ OBA HOJALYK MINISTRLERINIŇ WE FAO-NYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Wideoşekilli maslahatyň barşynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň oba hojalygy boýunça ygtyýarly edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýurtlarda oba hojalygynyň ösüşi we azyk önümleriniň üznüksiz öndürilme...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ EKSPORT MÜKINÇILIKLERI WE IMPORTA BOLAN ISLEGLERI BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dokma senagatynda eksport mükinçilikleri we importa bolan islegleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-Senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly iş maslahaty geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bu duşuşyk gatnaşyjylara Türkmenistan bilen RF-nyň arasyndaky...
HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÖZBEK BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparynyň nobatdaky üçünji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçdi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisde iki ýurduň döwlet serhetlerinden demirýol we awtoulag ýükleriniň daşalmagy we üstaşyr geçirilmegi babatyndaky özarahereketleriň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI SAGLYGY GORAÝŞYŇ BÜTINDÜNÝÄ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Saglygy goraýşyň bütindünýä assambleýasynyň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly 73-nji sessiýasy geçirildi. Sessiýa BSG-niň agza-döwletleriniň Saglygy goraýyş ministrleri we ministrleriň orunbasarlary, BSG ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary hem-de BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşynda...
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählihalk baýramy bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden dabaralandyrdy. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda guralan dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 25 ýy...
Gruziýanyň paýtagtynyň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy
18-nji maýa geçilýän gije ýurdumyzda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisiniň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy. Bu dostlukly çäräni Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisiniň meriýasy gurady we ol iki ýurduň arasyndaky ynanşykly gatnaşyklaryň, şeýle hem türkmen halkyna hormat-sarpanyň ýene bir subutnamasy boldy. Tbilisiniň telewizion diňine iki günläp çyralar arkaly Türkm...