SOŇKY HABARLAR
Žiwopisçiler suratlarynda baýramçylyk ruhuny wasp edýärler
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda Paýtagtymyzyň sergi merkeznde türkmen nakgaşlarynyň žiwopis işleriniň sergisi açyldy. Walentin Kudrýaşowyň belli işi tematiki serginiň mazmunyny beýan edýär. Onda nakgaş Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde eli türkmen topragynyň datly miwelerinden doly mejimeli gyzjagazy we senenamanyň gaýyp düşýän sahypalaryny şekillendiripdir. Walentin Kudrýaşowyň «Galkynyş» we «Dabara» işlerinde hem milli baýramlaryň gözelligi...
Döwlet söwda ulgamyny sanlaşdyrmak boýunça taslama durmuşa geçirilýär
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Tehnologiýalar merkeziniň we «Agzybirlik Tilsimaty» BK-nyň hünärmenleri Aşgabatda döwlet söwda ulgamyny sanlaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler. «Agzybirlik Tilsimaty» nyşany bilen söwdany awtomatlaşdyrmak üçin POS-enjamalryň 300 toplumy: sensor ekranly kompýuterler, çek-printerler, ştrih-kod printerleri we skanerleri, pul gutylary çykaryldy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine dgişli p...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gruziýadan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler nah ýüplügi, şeýle hem Russiýadan gelen işewür toparyň wekilleri boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 480 müň dollaryna golaý boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen täjirler jemi bahasy 2 million 783 müň manatlykdan g...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda bellenip geçiljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, adalatlylyk, parahatçylyk we ösüş” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň iş...
TÜRKMENISTAN BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA SYNÇY DEREJESINDE GOŞULMAGYŇ ÝOLUNDA
2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dek şu günüň özünde türkmen tarapy Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmak üçin BSG-nyň Baş direktorynyň adyna arza-hatyny ýollady. BSG-na goşulmagyň amallaryna laýyklykda Türkmenistany...
DIM-DE PANDEMIÝANYŇ ÝURDUŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÝAGDAÝYNA ÝETIRÝÄN TÄSIRLERINIŇ GOWŞADYLMAGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň Türkmenistanyň we sebitiň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Merkezi bankynyň wekilleri gatnaşdylar. M...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HGI-DA «ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝA: TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ TEJRIBELERI» ATLY MASLAHAT
2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda onlaýn görnüşinde «Öňüni alyş diplomatiýa: Türkmenistanyň, Owganystanyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň tejribeleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Türkmenistanyň BMG-n...